BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka giden Mewlüt Çawuşogly, Terrorizme garşy göreş global forumyň 12-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy.
Mewlüt Çawuşogly maslahatda eden çykyşynda, terrorizmiň barha özgerýän global howpdugyny belläp, tehnologiýa elýeterliligiň bu ugurdaky howpy has hem artdyrandygyna ünsleri çekdi.
Yslamafobiýanyň we rasizmiň sebäp bolan aşa sag bilen bagly hüjümleriň hem barha artýandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, sebitleýin messep dartgynlyklaryň, çydamsyzlygyň we gowşak döwletleriň, terrorçylykly beýanlara esas döredýändigini habar berdi.
Mewlüt Çawuşogly: "Terror bilen bagly faktorlar ele alynmasa terrora garşy göreşde üstünlik gazanyp bolmaz. Terrorrizme garşy göreşimizdäki üstünlik terrorçylara howpsuz bir gaçybatalga bermezlik üçin umumy tagallalarymyza baglydyr. Ozal başdan geçirilenler bize terroryň dininiň we etniki gelip çykyşynyň bolmandygyny subut etdi we terroryň ähli görnüşlerine we ýüze çykmalaryna garşy göreş alyp barmalydyrys. Iki standart bolmaly däldir" diýip nygtady.