Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Şwesiýadaky meçew bermeleriň we onun günäkärleriniň maksadynyn, onuň NATO agzalygynyň öňüni almakdan ybaratdygyny nygtap, üçtaraplaýyn ylalaşygyň şertlerini ýetirmekleri üçin resmi Stokgolmdan anyk başlangyçlary etmegine garaşýandyklaryny aýtdy.
Çawuşogly Estoniýanyň paýtagty Tallinde Estoniýanyň Daşary işler ministri Urmas Reinsalu bilen duşuşandan soň, geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda beýanat berdi.
Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalyk ýüztutmasy hakynda durup geçen Çawuşogly, adybir iki ýurduň howpsuzlyk boýunça aladalaryna düşünýändiklerini, Türkiýäniň NATO-nyň gündogar böleginde Alýansyň missiýalaryny we pozisiýasyny güýçlendirmek üçin elinden geleni edýändigini aýtdy.
Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalyk ýüztutmasyny eden mahalynda Türkiýäniň öz aladalaryny beýan edendigini, adybir ýurtlar bilen gepleşikler geçirenden soň Madritde üçtaraplaýyn ähtnama gol çekişilendigini nygtan Çawuşogly, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň şol ähtnamany iş ýüzüne geçirmek boýunça kepilliginiň bardygyna ünsi çekdi.
Şawuşogly Şwesiýada täze hökümetiň gurulandygyny we syýasy ygtyýaryň güýçlenendigini görendiklerini beýan edip; “Syýasy ygtyýary beýan edendiklerine garamazdan duşuşyklarymyzda ýa-da belli beýanatlarynda biz henize çenli anyk başlangyç görmedik.Esasanda Şwesiýadan käbir ynandyryjy anyk başlangyç görmedik.
Biz ahtnamalaryny ýerine ýetirjekdiklerini görkezýän anyk başlangyçlara garaşýarys. Üçtaraplaýyn ähtnamanyň iş ýüzüne geçmegi üçin biz ony görmek isleýäris.Dostlar we ýaranlar kanuny howpsuzlyk adalaryna düşünmeli.Diňe bir taraply kanuny alada düşünmek ýeterlik däl” diýdi.
Mewlüt Çawuşogly Estoniýa guraýan saparynyň çäginde Prezident Alar Karas tarapyndan kabul edildi.
Çawuşogly duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda; “Estoniýanyň Prezidenti Alar Karise Prezidentimiz R.T.Erdoganyň salamyny gowşurdyk. Ony Antalýa Diplomatiýa Forumyna çağyrdyk” diýip, ýazdy.