Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly "Türkiye-Gazagystan-Azerbaýjan Transport we Daşary işler ministrleriniň 3-nji maslahatynyň" açylyşynda çykyş etdi.
Mewlüt Çawuşogly, maslahata Gruziýanyň hem gatnaşýandygyny we şol ýagdaýyň sebitleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkidýändigini beýan etdi.
Soňky wagtlarda 3 aýry hadysanyň geosyýasaty yzyna getirendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly, ilkinji bilen üpjünçilik zynjyrlaryndaky bökdençlikleriň dowamly transport gatnaşyklaryň ähmiýetlidigini görkezendigini, indi üpjünçiligiň howpsuzlygynyň iň möhüm bäsdeşlik elementidigini belläp: "Ikinji Russiýa-Ukraina söweşi, global azyk we energetika krizisine sebäp boldy.
Stambul Galla ylalaşygyndan ozal azyk krizisi gapynyň bosagasyndady. Üçünji bolsa ABŞ-Hytaý dartgynlygy çuňlaşýar.Dünýäniň iň uly iki ykdysadyýetiniň bölünmesiniň öwezini doljak mehanizme zerurlygyň bardygy äşgärdir" diýip habar berdi.
Mewlüt Çawuşogly ýüze çykan şol synaglaryň mümkinçilikleri hem orta çykarýandygyna ünsleri çekip, Azerbaýjanyň basyp alyşlyk astyndaky topraklarynyň azat edilmeginiň, dowamly üpjünçilik howpsuzlygy taýdan täze mümkinçilikleri hödürleýändigini beýan etdi.
Energetikada çeşmeleriň we liniýalaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň möhüm ýagdaýa gelendigini aýdan Çawuşogly, Hazar deňizindäki gazyň Ýewropa ýetirilmeginde Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlyk edýändiklerini, Baku-Tbilisi-Jeýhan bilen Hazar basseýninden eýýäm 16 ýyl bäri Azerbaýjan, gazak we türkmen nebitiniň daşalýandygyny mälim etdi.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, metarikara iň uly söwda gatnaşyklarynyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndadygyny nygtap: "Orta Koridor boýunça 2022-nji ýylda ýük daşamak göwrüminiň 2021-nji ýyla garanyňda 6 esse köp bolmagyna garaşylýar. Şol mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin transportyň we söwdanyň öňündäki päsgelçilikleri ortadan aýyrmalydyrys" diýip habar berdi.