Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde düýn geçirilen Türkiyäniň, Siriýanyň, Russiýanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň Antalýada beýannama berdi.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Şu gün geçirilen maslahatda mundan başgada anyk bir göçüm hökmünde bir ýol kartasynyň taýarlanmagy we etabyň tapgyrlaýyn häsýetde ilerledilmegi üçin daşary işler ministrleriniň orunbasarlary we degişli guramadyr-edaralarynyň gatnaşmagynda, bu ýerde Milli Goranmak ministrligini we Milli Howpsuzlyk gullugyny göz öňünde tutýarys, toparyň döredilmegi barada karara geldik. Şol toparyň iň gysga wagtda maslahat geçirmegi göz öňünde tutulýar" diýip habar berdi.
Daşary işler ministrleriniň Dörttaraplaýyn maslahatynyň konstruktiw we netijeli geçendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly, tapgyryň degişli taraplary hökmünde Siriýanyň territorial bütewiligine we özygtyýarlylygyna berýän goldawlaryny ýene-de bir gezek nygtap geçendiklerini beýan etdi.
Mewlüt Çawuşogly terror guramalary PKK, ÝPG we DAIŞ-e garşy göreşde şol bir garaýyşa eýediklerine ünsleri çekip, maslahatda BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň 2254 belgili kararyna laýyklykda syýasy tapgyryň ilerledilmeginiň gerekdigini aýdandyklaryny habar berdi.
Ynsanperwer meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýdyp geçen Mewlüt Çawuşogly, diňe bu 4 ýurduň arasynda däl, eýsem halkara jemgyýet bilen hem, şol sanda BMG bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap geçendiklerini mälim etdi.
Mewlüt Çawuşogly bosgunlaryň howpsuz ýagdaýda yzlaryna gaýdyp barmaklary bilen bagly infrastrukturanyň bilelikde taýarlanylmagy bilen bagly ugurlary ele alandyklaryny belläp, Türkiye hökmünde bu tapgyryň deslapky şertsiz we gowy niýet bilen dowam etdirilmeginiň tarapdarydyklaryny aýan etdi.
Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Türkiyäniň araysnda başdan geçirilen soňky hadysalary ele alandyklaryny aýdan Mewlüt Çawuşogly, Stambul Galla ylalaşygynyň hem ele alynan ugurlaryň biri bolandygyny habar berdi.