Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias bilen şu gün telefon arkaly söhbetdeş boldy. Telefon söhbetdeşliginde ministr Çawuşogly Gresiýada düýn başdan geçirilen otly heläkçiligi sebäpli duýgudaşlyk bildirdi" diýip habar berildi.
Gresiýanyň Larisa şäheriniň golaýynda ýolagçy otlusy bilen ýük otlusy çakyşdy.
Wakada 36 adamyň ýogalandygy, 66 adamyň bolsa hassahanda bejergileriniň dowam edýändigi mälim edildi.