Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ministrler Kabinetniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew bilen Case New Holland halkara kompaniýasynyň işewürlik meseleleri boýunça direktory Stýuart Kempbeliň arasynda duşuşyk geçirildi.
HHM-iň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň geljegini, şeýle-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň oba hojalygy, maşyn gurluşygy we gurluşyk ýaly möhüm pudaklarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen bazaryny döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün etmegiň geljegine, şeýle-de ýurduň senagatynda we infrastrukturasynda innowasion tehnologiýalary we çözgütleri ornaşdyrmaklyga aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmaga we iş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen ýakyn ýyllarda durmuşa geçirilip bilinjek anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar netijeli gepleşikleri hem-de ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.