Çarymyrat Gurbanow eminlik bilen hoşlaşdy

Çarymyrat Gurbanow eminlik bilen hoşlaşdy

FIFA-nyň emini Çarymyrat Gurbanow düýn geçirilen "Ahal" - "Nebitçi" duşuşygyndan soň eminlik bilen hoşlaşdy. Bu barada "Janköýer" habar berdi.

Gurbanow Çarymyrat Durdymyradowiç 1977-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Bäherden şäherinde dünýä indi. Ol 2003-nji ýyldan bäri halkara derejeli duşuşyklarda eminlik edip gelýär. Mahlasy, onuň futbol ýoluny jogapkärçilikli duşuşyklaryň 700-den gowragyndaky başarjaň eminligi bezeýär.

Çarymyrat Gurbanow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymydyr.

Ol dürli ýyllarda Dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara ýaryşlarda, AFK-nyň kubogynda, AFK-nyň prezidentiniň kubogynda, halkara derejeli ýoldaşlyk duşuşyklarynda we Aziýa oýunlarynda eminlik etdi.

Ýene degişli makalalar

16-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanly eminler MAFA-2024-e gatnaşarlar
Merw Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawynyň ilkinji duşuşygynda Nebitçiden üstün çykdy
Türkmen eminleri BAE-de geçirilen Astana — Rostow oýnuna eminlik etdiler
Ahal we Merw ýeňiş bilen başlady, Altyn asyr Şagadamdan ýeňildi — Ýokary liganyň birinji tapgyrynyň jemleri
TÜRKMENLERDE DÜÝE BEZEMEGIŇ GADYMY DÄPLERI