Çarwadarlaryň oýunlary: ýygyndymyzyň gazananlarynda ýene-de 5 medal artdy

Şu gün Gyrgyzystanda geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda türkmen türgenleri gazananlarynyň üstüni ýene-de 5 medal bilen artdyrdylar. “Gyrgyz göreşi” boýunça ýaryşlarda türgenlerimize üstünlik ýar boldy.

66 kilograma çenli agram derejesinde Medet Hallygurbanow ikinji orny eýeledi.

Sportuň şu görnüşinde ildeşlerimiziň gazananlarynyň hasabynda bürünç medallaryň 4-si bar: olary Agajan Hallygurbanow (60 kg. çenli), Jangeldi Medow (74 kg. çenli), Arslan Hojaberdiýew (84 kg. çenli) we Wepa Orazmyradow (96 kg.çenli) gazandylar.

Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň ýygyndy toparynda 22 medal, şol sanda iň ýokary gymmatlykly medallaryň 8-si bar. Bu netijeler ýaryşlaryň bary-ýogy dört gününde gazanyldy.

Ýene degişli makalalar

05.09.2018 | Çarwadarlaryň oýunlary: ýygyndymyzyň gazananlarynda ýene-de 5 medal artdy
Türkmenistanly türgenler Alyş göreşi boýunça Aziýa çempiýonatynda 15 medal gazandylar
Rejep Bazarow Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen duşuşdy
TÜRKMEN SPORTUNYŇ ŞÖHRATLY PURSATLARY
22.09.2017 | Biziň ýygyndy toparymyzyň altyn medallarynyň sany ýene-de 10 medal bilen artdy
Time 2021-nji ýylyň iň täsirli 100 adamsynyň sanawyny neşir etdi