Kino sungatynyň iň uly baýragy bolan Oskar baýraklary 93-nji gezek öz mynasyplaryna gowşuryldy.Los Anjelesdäki “Union Station” demir ýol menzilinde geçirilen dabarada iň gowy film diýlip, garaşylyşy ýaly “Çarwadarlaryň mekany” filmi saýlandy.
Adatça dabaranyň iň soňunda mälim edilýän iň gowy film baýragynyň iň gowy aktýor we aktrisa baýraklaryndan öň yglan edilmegi aýratyn bellärliklidir.Filmi surata düşüren hytaýly Hloe Çžao iň gowy režissýor baýragy bilen sylaglandy.
Ol bu baýragy alan 2-nji zenan režissýor hökmünde taryha girdi.Galyberse-de, ol bu baýragy alan ilkinji aziýaly zenan boldy.
“Çarwadarlyň mekany” filminde baş keşbini janlandyran Fransis Makdormand iň gowy aktrisa baýragyna laýyk görüldi.Bu 63 ýaşly aktrisanyň “Fargo” (1997) we “Ebbing, Missriniň daşyndaky üç bilbord” (2018) filmlerinden soň, iň gowy aktrisa ugry boýunça 3-nji, umumylykda-da 4-nji Oskar heýkeljigidir.
Iň gowy aktýor ugrundan hem ozal Oskary bolan Antoni Hopkins öňe saýlandy. “Peder” filmindäki keşbi üçin bu hormata laýyk görlen tejribeli aktýor 1991-nji ýylda “Guzularyň dymyşlygy” filmindäki keşbi bilen hem arzyly heýkeljigi eýeläpdi.
Hopkinsiň ýeňiji bolmagyna garaşylmaýardy.
Ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýragyna “Minari” filmindäki keşbi üçin Günorta koreýaly Ýon Ýujon mynasyp boldy. Ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragyna-da garaşylyşy ýaly, “Iuda we gara Messiýa” filminiň ýyldyzy Daniel Kaluuýa laýyk görüldi.
Pixar-yň önümi bolan “Ruh” multfilminiň iň gowşy animasiýa saýlanan dabarasynda “Meniň sekizaýak mugallymym” iň gowy dokumental diýlen ugurda Oskar baýragyny gazandy. “Ýene-de bir tapgyr” atly Daniýa we Şwesiýanyň bilelikdäki önümi bolan film iň gowy halkara film diýlip saýlandy.
93-nji Oskar baýraklarynyň ýeňijileri:
Iň gowy film: “Çarwadarlaryň mekany” (Nomadland)
Iň gowy režissýor: Hloe Çžao “Çarwadarlaryň mekany” (Nomadland)
Iň gowy aktrisa: Fransis Makdormand “Çarwadarlaryň mekany” (Nomadland)
Iň gowy aktýor: Entoni Hopkins “The Father” (Peder)
Ikinji plandaky iň gowy aktrisa: Ýon Ýujon “Minari” (Minari)
Ikinji plandaky iň gowy aktýor: Daniel Kaluuýa “Iuda we gara Messiýa” (Judas and the Black Messiah)
Iň gowy adaptirlenen ssenariý: Kristofer Hampton, Florian Zeller “Peder”
Iň gowy asyl ssenariý: Emerald Fennel “Umyt bildirilýän ýaş zenan” (Promising Young Woman)
Iň gowy halkara film: “Ýene bir tapgyr” (Druk) Tomas Winternerg (Daniýa)
Iň gowy animasiýa: “Ruh” (Soul) Pit Dokter, Dana Mýurreý
Iň gowy dokumental film: “Meniň sekizaýak mugallymym” (My Octopus Teacher) Pippa Erlih, Kreýg Foster, Jeýms Rid
Iň gowy saz: “Ruh” (Soul) Trent Reznor, Attikus Ross, Jon Batiste
Iň gowy aýdym: “Fight for You” (“Iuda we gara Messiýa” filminden) H.E.R., De Mil, Tiara Tomas
Iň gowy ses: “Metalyň ýaňy” (Sound of Metal) Jeýim Bakşt, Niklas Beker, Filip Blad, Karlos Korte, Mişel Kuttolenk
Iň gowy montaž: “Metalyň ýaňy” (Sound of Metal) Mikkel E.G. Nilsen
Iň gowy çeperçilik bezegi: “Mank” (Mank) Donald Grem Burt, Ýan Paskal
Iň gowy operator: “Mank” (Mank) Erik Messerşmidt
Iň gowy makiýaž we saç bezegi: “Ma Reýni: blýuzuň ägirdi” (Ma Rainey’s Black Bottom) Serhio Lopez-Riwera, Mia Neal, Jamika Wilson
Iň gowy grim: “Ma Reýni: blýuzuň ägirdi” (Ma Rainey’s Black Bottom) Enn Rot
Iň gowy wizual effektler: “Esas” (Tenet) Skott R. Fişer, Andrýuw Jekson, Dewid Li, Andrýuw Lokli
Iň gowy gysga metražly film: “Iki uzak nätanyş” (Two Distant Strangers) Trawon Fri, Martin Desmond Rou
Iň gowy gysga metražly dokumental film: “Kolett” (Colette) Alis Doýard, Antoni Jakkino
Iň gowy gysga metražly animasiýa: “Eger-de bir zat bolsa, meni sizi söýýändirin” (If Anything Happens I Love You) Maýkl Gowier, Will MakKormak
The post Çarwadarlaryň Oskary appeared first on Zaman Türkmenistan.