Çarlz III şu gün Londonda Patyşa diýlip resmi yglan ediler

Çarlz III şu gün Londonda Patyşa diýlip resmi yglan ediler

Çarlz III şu gün, 10-njy sentÿabrda Britaniýanyň Patyşasy hökmünde resmi yglan ediler diýlip, Bukingem köşgüniň habaryndan aýdylýar.

Onuň Alyherzretleri Tagt mirasdarlygynyň Geňeşiniň 10-njy sentÿabrda Sent-Jeýmsk köşgünde geçjek ýygnagynda Patyśa hökmünde yglan ediler diýlip, köşgüň düýn ýaýradan habarnamasynda bellenýär.

Düýn täze Patyśa ýurduň Premýer-ministri Liz Trass bilen duşuşdy we Londondaky Keramatly Paweliň ybadathanasynda millete ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Öňki şa zenany Ýelizaweta II Şotlandiýada aradan çykdy, onuň 97 ýaşy bardy we tagtda 70 ýyldanam gowrak wagt oturdy diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Täç geýdiriş dabarasy geçiriler
Şazada Garriniň ýatlamalar kitabynyň çykjak senesi belli boldy
Karl III şekillendirilen şaýylyklar hödürlendi
Täç geýdiriliş dabarasy guralar
Karl III resmi taýdan patyşa yglan edildi
Britanlar Şa zenany bilen hoşlaşdylar