Ýurdumyzyň tebigatynyň gözel ýerleri barada näçe aýtsaň aýdybermeli.Aýratyn goralýan tebigy meýdanlar hökmünde ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramakda goraghanalara aýratyn uly üns berilýär.Repetek döwlet biosfera goraghanasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Merkezi Aziýada döredilen iň ilkinji goraghanadyr.
Bu goraghananyň meýdanlary öz içinde aýratyn tebigy meýdançalara bölünýär. “Ýaman tokaý” gara sazakly jülgesi, “Çarlak tokaýy”, “Demirgazyk jülgesi”, “Günorta jülgesi”, “Repetek Saharasy” ýaly aýratyn goralýan tebigy meýdanlar bir-birinden tebigy keşbi, gözelligi bilen tapawutlanýarlar.
Goraghananyň “Çarlak tokaýy” onuň merkezi bagyndan 8-10 kilometr gündogar tarapda ýerleşendir. “Çarlak” tokaýyna goraghananyň merkezinden gumak ýol arkaly baryp bolýar.Bu tokaý gara ýoldan uzakda ýerleşendir.Käbir ylmy edebiýatlarda tokaýyň “Çarlak” adynyň bu ýerde mesgen tutan çarlak guşunyň ady bilen baglanyşdyrylýar.
Emma bu barada takyk maglumatlar berilmeýär. “Çarlak tokaýynyň” tutýan meýdany 450 gektar töweregi bolup, bu çöl tokaýy beýleki käbir ylmy çeşmelerde “geografiki täsinlikleriň watany” diýlip hem atlandyrylýar.Goraghananyň bu meýdany özüniň örän ajaýyp tokaýlary bilen tapawutlanýar.
Bu sebit goraghananyň ösümlik dünýäsine baý ýerleriniň biridir.Bu ýerde adaty gulanguýruk, Lemanyň garnyýarygy, ak gandym, türküstan yşgyny, Kareliniň çomujy, çopantelpek, ak sazak, gara sazak ýaly ösümlikler beýleki meýdanlara garaňda has köp ösýär.
“Çarlak tokaýynyň” gür ýerleşip ösýän gara sazaklary görenleri haýrana goýýar. Bu meýdanda ýaşy 60-70 ýyl töweregi bolan garry gara sazaklar has köpdür. Birýyllyk we köpýyllyk ösümlikler bilelikde sazlaşykly ösüp, sebitde aýratyn mikroklimat emele getirýärler. Meýdanda tilkiniň, oklukirpiniň, towşanyň, alakanyň, zemzeniň, ýylanlaryň, şeýle hem dürli hili guşlaryň gaçybatalgalaryna duş gelmek bolýar.
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň “Çarlak tokaýy” ýurdumyzda ekologik syýahatçylygy ösdürmekde iňňän owadan tebigy ýerleriň biri hasaplanylýar.
Muhammethatam MEREDALYÝEW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.