“Cargolux” Türkmenistana amala aşyrýan uçuşlarynyň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär

“Cargolux” Türkmenistana amala aşyrýan uçuşlarynyň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň wekilleri bilen Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň “Cargolux” kompaniýasynyň wise-prezidenti Maksim Ştrausyň arasynda geçirilen duşuşykda kompaniýa Türkmenistana ýerine ýetirýän howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň şenbe güni habar bermegine görä, “Cargolux” kompaniýasy türkmen tarapy bilen degişli ugurda zerur çäreleri görmäge taýýardygyny aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda “Türkmenhowaýollary” agentligi üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, “Cargolux” kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen okuw merkezlerinde ýörite okuwlary guramaklyk teklip edildi.

Lýuksemburg Beýik Gersoglygynda ýerleşýän “Cargolux Airlines International S.A.” ýük awiakompaniýasy dünýä boýunça yzygiderli ýük daşamalary amala aşyrýan Ýewropanyň iň uly ulag awiakompaniýalarynyň biridir. “Cargolux” kompaniýasy dürli görnüşli ýükleri, ýagny adaty ýükleri, uly göwrümli harytlary, derman serişdeleri, haýwanlary, gymmat bahaly ýükleri, howply maddalary daşamak üçin hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär.

Ýene degişli makalalar

Cargolux Türkmenistana amala aşyrýan gatnawlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär
Daşary ýurtlaryň uçarlary Türkmenistanyň howa menzillerine 1,5 müňden gowrak tehniki gonuşlary amala aşyrdylar
07.12.2018 | Türkmenistan — Awstriýa: dostlugyň we sungatyň simfoniýasy
Türkmenistan — Awstriýa: dostlugyň we sungatyň simfoniýasy
Nakgaş Aleksandr Kaşirskiý: geçmişe syýahat
24.10.2019 | Aşgabatda IV Wena baly geçirildi