Cargolux Türkmenistana amala aşyrýan gatnawlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär

Cargolux Türkmenistana amala aşyrýan gatnawlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär

Lýuksemburgyň Cargolux ýük awiakompaniýasy Türkmenistana amala aşyrýan gatnawlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Bu barada Cargolux ýük awiakompaniýasynyň wise-prezidenti Maksim Ştraus bilen Türkmenhowaýollary agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasyndaky duşuşykda durlup geçildi.

Mundan başga-da, duşuşykda Lýuksemburg kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen okuw merkezlerinde işgärleri taýýarlamak ugrundaky hyzmatdaşlyk barada hem pikir alşyldy.

Ýeri gelende bellesek, Cargolux Airlines International S.A. ýük daşamalary bilen meşgullanýan dünýädäki iň uly awiakompaniýalaryň biridir.

Cargolux Ýewropanyň awikompaniýalarynyň birleşiginiň (AEA) we Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) agzasydyr. Kompaniýa abraýly Air Cargo News žurnalynyň okyjylary tarapyndan bassyr dört ýyllap Iň oňat ýük awiakompaniýasy diýlip ykrar edildi.

Ýene degişli makalalar

“Cargolux” Türkmenistana amala aşyrýan uçuşlarynyň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär
19-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Hytaý arkaly Gruziýadan Türkmenabada tarap ýene bir ýük howa gatnawy ýola goýuldy
Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär
24-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Nepalyň howa gullugy edarasy uçar heläkçiliginde 18 adamyň pida bolandygyny tassyklady