Çap kitaplar elektron neşirlerden has peýdaly bolup çykdy

Çap kitaplar elektron neşirlerden has peýdaly bolup çykdy

Çaphanada neşir edilen adaty kitaplar elektron neşirlere garanyňda, tekste has oňat düşünmek ukubyny gowulandyrýar. Muňa Review of Educational Research (RER) žurnalynda çap edilen ylmy-barlagyň netijeler güwä geçýär diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Alymlar 2000-2022-nji ýyllarda çap edilen ylmy makalalaryň 25-siniň maglumatlaryny seljerdiler, olara 30 ýurtdan 470 müň adam gatnaşdyrylypdyr. Hünärmenler olarda metbeçilik kitaplaryny okamagyň çagalaryň ýazgyda beýan edilenlere düşünmek ukubyny ýokarlandyrýandygyny belleýärler.

Emma elektron enjamlarda okalanda, şeýle täsir hasaba alynmandyr. Başlangyç synp okuwçylary elektron kitaplary okap başlanlarynda, ýazylanlara düşünişi biraz ýaramazlaşypdyr.

Alymlar mugalymlara we ene-atalara aýratyn hem kiçi ýaşly synplarda okaýan çagalary çap kitaplary köpräk okamaga höweslendirmegi maslahat berýärler.

Ýene degişli makalalar

Lebapda we Maryda köp hojalyk çagalaryna berilýän pul sowgadyny dükan bergilerine berýär
Erdogan Hanuka Baýramy Mynasybetli Ýüzlenme Çap Etdi
Türkiýede Senagat Önümçiligi Ösýär
Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz
Türkmenistanda ýitirim bolan çagalar barada polisiýanyň habarlary IMO-da peýda boldy
Türkmenpoçta kompaniýasynyň gapydan-gapa çaparçylyk hyzmatynyň artykmaçlyklaryna baha beriň