Çankyry Ýumurtga Süýjüligi

Çankyry Ýumurtga Süýjüligi

Türkiyäniň paýtagty Ankara şäheriniň demirgazygyndaky goňşusy bolan Çankyry şäheri, esasan hem oba hojalyk we maldarçylyk işleri bilen öň hatara çykmak bilen birlikde, Çankyry Ýumurtga Süýjüligi sebite mahsus süýjüligiň görnüşleriniň biridir. Çankyry Ýumurtga Süýjüligi Çankyry welaýatynyň häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2017-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.

Esasan hem baýramlarda we Oraz aýynda agzaçardan soň, myhmanlar üçin taýarlanýan Çankyry Ýumurtga Süýjüligi 8 ýumurtga, 3 nahar çemçesi un we mesge ýagy bilen taýarlanýar.Süýjüligiň taýarlanylşynda ilki bilen ýurumurtgalaryň sarysy bilen agy biri-birinden aýrylýar we ýumurtganyň agy goýalýança çenli bulanýar.

Bulanýan gap ters öwrülen mahaly içindäki ergin dökülmeli däl. Ýumurtganyň sarysy hem aýry bir gapda bulanyp, ýumurtganyň agyna goşulýar we ýene-de biraz wagt bulanýar.Ondan soň elekden geçirilen un, ýumurtga ergininiň üstüne goşulyp, bulanmaga dowam edilmeli.

Birnäçe minutlyk bulamak işlerinden soň, aýna ýa-da mis gaba boşadylýar, ozaldan 175 gradus derejede gyzdyrylan peçde 35 minudyň dowamynda bişirilýär.Gysga wagtlap sowadylan süýjülige, ozaldan taýarlanan limonly ýyly şerbet assa-assadan üstüne dökülýär.

Böleklere bölünip, süýjülik üçin niýetlenen tabaklara goýulan ýumurtga süýjüligi, ýyly görnüşde hödür-kerem edilýär.

Ýene degişli makalalar

Eşitme ukybynyň azalmagynyň öňüni almak üçin tebigy maslahatlar
Aşgabatda käbiri bazar nyrhyndan-da gymmat subsidirlenen önümler satylyp başlandy
Tebigy D witamini we onuň adamyň saglygyna peýdalary
Tebigy B12 witamini we onuň adam saglygyna täsirleri
Göze peýdaly iýmitler
Täsin durna