Çane-6 taryhda ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan toprak getirdi

Çane-6 taryhda ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan toprak getirdi

Hytaýyň Çane-6 Aý zondunyň Zemine gaýdyp gelýän enjamy Aýyň arka tarapyndan alnan topragyň nusgasyny taryhda ilkinji gezek Ýere alyp geldi. Paraşýutda zonddan ýere taşlanan toprakly gap Içki Mongoliýa ülkesine düşdi diýip, CGTN teleýaýlymyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Çane-6 tutumy 53 gün dowam etdi, ol 3-nji maýda äleme uçuryldy. 2-nji iýunda onyň Aýyň arka ýüzündäki Eýtken Günorta guşaklyk çäginde gonandygy belli boldy. Topragyň nusgalary burawlamak arkaly Aýyň arka ýüzüniň dürli nokatlaryndan alyndy.

Ýene degişli makalalar

Aýa Zeminiň medeniýeti barada maglumatlar ýerleşdirilen wagt kapsulasy iberiler
Otursam agaçlar bile
Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi
Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri sylaglanar
Zemin gözeli bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi
Soltan restoranlary öňdäki dynç günlerini ýatdan çykmajak derejede geçirmäge çagyrýar