Dutarçy bagşy-sazandalaryň Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry 2023-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumynyň işewürlik merkeziniň sahnasynda geçirildi. Bu bäsleşige Aşgabat şäheri boýunça 20 sany bagşy-sazanda gatnaşdylar.
Çalsana, bagşy! bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry boýunça sazandalaryň arasynda:
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Türkmen Owazy teleýaýlymynyň dutarçylar toparynyň sazandasy Baýramgeldi Atadurdyýew hem-de Türkmenhowaýollary agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň “Laçyn” folklor toparynyň sazandasy Serdar Bäşimow ýeňiji diýlip saýlandylar we olara baýraklar gowşuryldy.
Çalsana, bagşy! bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry boýunça bagşylaryň arasynda:
Aşgabat şäheriniň Annagylyç Mätäji adyndaky 70-nji orta mekdebiniň mugallymy Şaguly Hojamgulyýew hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Mähri Hommatnazarowa ýeňiji diýlip saýlandylar we olara baýraklar gowşuryldy.