Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäher Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän Çalsana, bagşy! atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran ýaşlar gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Dutarçy sazandalar bäsleşikde türkmen halk sazlaryndan Garry gyrk, Büdübilmen, Ýar gara gözli, Şirin şeker, Düşmüş ýaly halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Dutarçy bagşylar bolsa, bäsleşikde halypalardan miras galan Onda ýar aglar, Heserli, Zülpüň seniň, Terekme, Selbinýaz, Geldiňmi ýaly türkmen hak aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijesine görä, dutarçy sazandalaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Kerim Nyýazow bilen Ahmet Şadurdyýew ýeňiji bolmagy başardylar. Belläp geçsek, bäsleşikde Kerim Nyýazow Şirin şeker, Ahmet Şadurdyýew bolsa Sataşdym ýaly türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Dutarçy bagşylaryň arasynda bolsa, Babadaýhan etrap Medeniýet merkeziniň ikinji derejeli artisti Allamyrat Idrisow bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Toýly Orazow ýeňiji bolmagy başardylar. Bäsleşikde Allamyrat Idrisow Zülpüň seniň, Toýly Orazow bolsa Oýan diýen türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirip eminler toparynyň ýokary bahasyna mynasyp bolmagy başardylar.
Çalsana, bagşy! atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyrynda ýeňiji bolmagy başaran ýaşlar bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyry bolsa Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherinde geçiriler.