Çalik Holding Serdar etrabynda Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurar

Çalik Holding Serdar etrabynda Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurar

Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny gurmak, umumy ulgama birleşdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde, “Serdar” elektrik bekedinden köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyna çenli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary hem-de materiallary satyn almak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji iýulda gol çeken Kararyna laýyklykda, gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we elektrik stansiýasyny 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türk kompaniýasy Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurar
“Nahal” hojalyk jemgyýeti Arçmanda täze binalar toplumyny gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda täze elektrik stansiýanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminama gol çekildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi
Serdar etrabynyň çägindäki köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak işi çaltlandyrylýar