Çagalaryň söýgüli şahyry

Çagalaryň söýgüli şahyry

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde Türkmenistanyň ýazyjysy Hemra Şirow bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik duşuşygyny gurady.

Bu döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň ýazyjy-şahyry H. Şirowyň ýazan birnäçe eserleri, goşgulary barada mekdep okuwçylaryna gyzykly gürrüňler berildi. Ýazyjynyň özi hem mekdep okuwçylaryna öz ýazan goşgularyndan hem-de ýaňyltmaçlaryndan aýdyp berdi, çagalar hem ýazyjynyň döreden goşgularynyň birnäçesini ýatdan aýdyp berdiler.

Türkmenistanyň ýazyjy-şahyry H. Şirowyň döredijiligine bagyşlanyp gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Çagalaryň köňüllerinde orun alan şahyr: Hemra Şirow
ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ÝAZYJYSY
28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Edermenligiň beýik nusgasy
23-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Lebaply aýdymçy zenan Ak ýol kompaniýasy tarapyndan goýlan awtoulag baýragyna mynasyp boldy
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy