ÇAGALARYŇ ŞATLYGY-DÜNÝÄNIŇ ABATLYGY

ÇAGALARYŇ ŞATLYGY-DÜNÝÄNIŇ ABATLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki Altyn sümmül çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda Çagalaryň şatlygy-dünýäniň abatlygy ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, ýokary derejeli bilim almaklary, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, zähmete uýgunlaşmaklary, çagalaryň boş wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ata Watanymyzda ähli tagallalar edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.Gürrüňdeşligiň dowamynda wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalaryň okan kitaplary, ertekileri, goşgulary barada sorag-jogap alşyldy.Gökderedäki Altyn sümmül çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde çagalar Aýterek-Günterek hem-de Gizlenpeçek ýaly oýunlary oýnap özara bäsleşdiler we wagtlaryny gyzykly we ýatda galyjy pursatlary geçirdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan, ösüp gelýän ýaş nesilleriň dynç alyş möwsümini gyzykly, hem-de şadyýan geçirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň 'Nezawisimaýa Gazeta' neşiri Gurbanguly Berdimuhamedowa hüjüm etmekde günälendi
Arkadag şäheriniň işgärlerine öz işleýän şäherinden jaý satyn almak ündelýär
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY ANTONIU GUTERRIŞ BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim ulgamy boýunça resminamalara gol çekildi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri — ylymlaryň şamçyragydyr atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY