Tanymal türkmen ýazyjysy, şahyr, dramaturg Hemra Şirow ýaş okyjylar bilen ýygy-ýygydan duşuşyklarda bolýar. Ol hemişe çagalaryň ýürekden küýseýän myhmanydyr. Çagalaryň şahyra sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary tötänden däldir, çünki ýazyjynyň eserleriniň köpüsi çagalara bagyşlanýar, onuň eserleriniň aglabasy çagalar hakda we çagalara oýlanmagy öwretmegiň hatyrasyna ýazylandyr.
Hemra Şirowyň kitaplary çagalaryň arasynda hemişe uly islegden peýdalanýar. Sebäbi şol kitaplaryň içindäki goşgular çagalara gaty ýakyn bolan ahwalatlara bagyşlanýar, mysal üçin, garryja eneňden uçýan halyny nädip dokadyp almaly ýa-da patrak aslynda nämä meňzeş...
Çagalary goramagyň halkara güni ýazyjy Hemra Şirow üçin diňe bir kalendardaky bir sene däl, bu onuň üçin uly baýramçylyk. Bu onuň üçin hemişe ýaş okyjylar bilen göwündeş söhbetdeşlikdir. Olar näme hakda gürrüň edýärler? Durmuş hakda. Hyýallary hakda. Arzuwlary hakda.
Ýazyjy indi 40 ýyldan gowrak wagt bäri çagalar bilen döredijilik duşuşyklaryna höwes bilen gatnaşyp gelýär. Her gezek hem bu duşuşyklar dürli-dürli bolup geçýär, çünki çagalaryň bilesigelijiliginiň çägi şeýle tükeniksiz.
Şahyr çagalar bilen duşuşyklarynda elmydama adaty adamkärçilik sadalygyny saklaýar we olar bilen deň derejede gürleşýär. Muny çagalaryň aňynda bar bolan hyýallaryna, olaryň içki dünýäsine gönükdirilen goşgularynda hem duýup bolýar.
UÇÝAN HALY
Köp halylar dokapsyň
Öz ömrüňde, ene, sen.
Haly dokap bermekçi
Bolsaň eger ýene sen.
Ertekidäki ýaly,
Dokaý-da uçýan haly?!
******
Ynha, bu goşgular bolsa düýbünden başga görnüşe eýe bolup, olar aslynda suraty ýada salýar. H. Şirowyň şekilli goşgulary, esasanam, çagalar tarapyndan gowy görülýär: goşgylary dürli ugurlar boýunça okap bolýar we şol bir wagtyň özünde gürrüňi edilýän zadyň şekilini görüp bolýar. Şunda çagalaryň aňynda emele gelýän oý-hyýallary doly güýjünde ýüze çykýar.
Ynha, mysal üçin, “Gije ammara giren ýabany pişigiň gözi” goşgusynda şahyr tüm garaňkylykda pişigiň ýanyp duran gözleriniň bize dikanlap seredip duran pursatyny suratlandyrýar. Eger çagalardan biri gorkjak bolsa, asla ondan çekinmeli däl: çünki pişigiň özi bizden gorkýar.
GIJE AMMARA GIREN ÝABANY PIŞIGIŇ GÖZI
Bu göz ýabany pişigiň gözi,
Ol gorky bilen synlaýar bizi
******
Garly gyşy gowy görmeýän çaga barmyka: onda çagalar üýşüp gar adamsyny ýasaýarlar, hezil edip gar zyňyşyp oýnaýarlar. Şunda çagalaryň iň gowy kömekçileri — olaryň elliklerdir: ellik eliňi hemişe ýyljak saklaýar, gar hem ellikli näme ýasasaň, diýeniňi edip dur.
Käte bolsa, garlaşylanda çagalaryň bir elligini ýitirýän mahalam bolaýar, ýöne bu oýna päsgel berip bilermi diýsene?H. Şirowyň ellik görnüşindäki şekilli goşgysy hut şu hakda:
ELLIK
Ynha, ýene gyşa geldik,
Geýmeli bor ýyljak ellik.
Eý, çagalar hany biliň,
Elligi men haýsy eliň?
*****
“Bir taý köwüş bilen söhbet” atly şekilli goşgysy bolsa ýagyşdan soň emele gelen suwly lüýkde ýitirilen ähli çaga köwüşlerine bagyşlanýar.
BIR TAÝ KÖWÜŞ BILEN SÖHBET
Bir taý köwüş, nirde ikinji taýyň, Ýagyşly gün galdy içinde laýyň.
*****
Ine, bu bolsa gar adam — ol çagalaryň gyş paslyndaky iň arzyly keşbi.Megerem, aramyzda çagalyk döwri daşarda aňzak howada gar adamy ýasamadyk adam ýok bolsa gerek. “Gar adam” atly şekilli goşgy Meret bilen Aşyryň ýasan gar adamsy hakda kiçijik, ýöne biraz gussaly hekaýat.
Onda hemme zat bolmalysy ýaly: onuň gözleri kömürden, burnunyň ýerine bolsa käşir dürtülen.Oglanlar onuň bilen ep-esli wagt oýnap, ýadaýarlar-da, öýlerine gaýdýarlar.Gar adam bolsa ýalňyz bir özi galmaly bolýar, üstesine-de ol haýaljakdan eräp başlaýar.
GAR ADAM
Öýli-öýne ýygnandy
Gün ýaşansoň bar adam.
Galdy diňe daşarda,
Öý-öwzarsyz Gar adam.
Gözi kömür, burny käşir,
Ýasan Meret bilen Aşyr...
Sözden düzülen suratda gar adam hakykatdanam eräp barýar: bir tarapyndaky harplar eräp, süzülip başlapdyr. Kim bilýär, belki irden daşaryk çykan Aşyr bilen Meret ýasan gar adamsynyň ýerine diňe erän garyň suw üýşmegini göräýmeseler. Ol bir özi ýalňyz galan gar adamsyndan galan zat bolar.
*****
Çagalyk — bu biziň her birimiziň gelip çykan mekanymyzdyr. Bu ýurt nä derejede ýagty we mährem bolsa, şondan ulaljak çagalar hem şonça mähirli we gowy adamlar bolup ýetişerler. Hemra Şirow bu temany özi üçin gaty wajyp hasaplaýar, sebäbi ol çaganyň aň-bilime bolan höwesini oýarjak, tebigaty söýmeklige we töweregindäki adamlara düşünmeklige eltjek ýagşylyga çagyrýan çagalar kitaplarydygyna pugta ynanýar.
“Her bir çaga garagollugynda döredijiligiň bir bölejigi hem-de daş töweregimizi gurşap alýan dünýäni öwrenmek islegi bar. Çagalaryňyzy gowy kitaplar bilen gurşap alyň. Ynha wagt geçer, ol gaýnap duran bar güýjüni, döredijiligini we zerur bolmak islegini hökman döredijilik ugruna ugrukdyrar” — diýip, şahyr öz eserleriniň üsti bilen çagalarymyza kitap okamaklyga höweslendirmeklige çagyrýar.
Çagalyk döwrüniň senasy hökmünde men H. Şirowyň “Biz - çagalar” goşgusyny mysal getirmek isleýärin.
BIZ - ÇAGALAR
Dünýä äpet gämi bolsa,
Biz körpeje kapitany.
Atalar deý, wagt gelse,
Dolandyrys giň dünýäni.
Dolandyrys giň dünýäni,
Şadyýana aýdym aýdyp.
Ýüzer rahat biziň gämi,
Uruş gaýy turmaz gaýdyp.
Uruş gaýy turmaz gaýdyp,
Örtmez gara perdesini.
Goraň dünýäň şu gününi,
Gorarys biz ertesini!
Awtory: Maral Hydyrowa
Rus dilinden terjime eden: Annamuhammet Akmedow