Çagalaryň döredijilik bäsleşigine gatnaşyp, Toyotanyň ajaýyp baýraklaryny almaga howlugyň!

Çagalaryň döredijilik bäsleşigine gatnaşyp, Toyotanyň ajaýyp baýraklaryny almaga howlugyň!

Garagum Ulag hojalyk jemgyýeti — Toyota ýapon kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri 15 ýaşa çenli çagalary 2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda badalga alan Arzuwymdaky awtoulag atly surat çekmek döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşigiň şertleri — gatnaşyjy çaga arzuwynda göz öňüne getirýän ulagyny, ýagny onuň adam üçin amatly funksiýasy bolan geljegiň ulagyny nähili görýändigini şekillendirmeli. Surat dolulygyna, hatda fonuna çenli reňklenen bolmalydyr. Listiň ölçegi: A3 (mümkin boldugyndan) ýa-da A4 ölçegde bolmaly. Surat çekmek üçin galam, dürli görnüşli reňk, marker, flomaster hem-de meljagazlar ulanylyp bilner.

Döredijilik gözden geçirilişi iki tapgyrda geçirilýär. Işler 2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul edilip başlandy we 15-nji noýabrynda hem tamamlanýar.

Suratlar aýratyn kesgitlenen ýaş aýratynlyklarynda kabul edilýär. Birinji topara 7 ýaşa çenli, ikinji topara 8 — 11 ýaşly, üçünji topara bolsa 12 — 15 ýaş aralygyndaky çagalar degişlidir. Degişlilikde, her toparda bäsleşigiň ýeňijisi yglan ediler.

Bäsleşigiň jemleri 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener, şonda-da bäsleşigiň üç topary ýaş derejesi boýunça ýeňijileriň atlary mälim ediler hem-de olar Toyota kompaniýasynyň gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy guralar. Her ýaş topary boýunça birinji orny eýelän çagalara — Apple kompaniýasynyň planşeti sowgat berler.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň çeken suratlary bäsleşigiň halkara tapgyryna hödürlemek üçin Ýaponiýa ugradylar.

Işler Toyotanyň resmi dileriniň merkezinde, şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 7/A jaýy (Aýtakow köçesi, 11-nji kiçi etrapça). Telefon belgisi: (+993 12) 43 70 57.

Ýene degişli makalalar

Belentden ýaňlanan owazlar
Garagum Ulag kompaniýasy Toyota-nyň ýokary standartlaryna laýyk gelýändigini nobatdaky gezek tassyklady
Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Wengriýa bardy
Kuzbassdaky şahtada partlama boldy
Himiýa boýunça Nobel baýragy asimmetrik organokataliz üçin berildi
Meşhur sazandalaryň durmuşyndan