Çagalaryň Coddy programmirleme mekdebi robototehnika okuwlarynyň tölegini 40% arzanlatdy

Çagalaryň Coddy programmirleme mekdebi robototehnika okuwlarynyň tölegini 40% arzanlatdy

Çagalar üçin niýetlenen Coddy programmirleme mekdebi robototehnika boýunça geçirilýän okuwlaryň gyşky 40% arzanladyşynyň başlanandygyny habar berýär. Bu arzanladyşdan peýdalanmak üçin bolsa bu okuwlara hökman 15-nji ýanwara çenli ýazylmalydyr.

Robototehnika — bu çagalar üçin logikany, giňişleýin pikirlenmegi, göz öňüne getirmegi hem-de döredijilik ukybyny ösdürmäge ýardam edýän gyzykly we peýdaly işdir.

Coddy programmirleme mekdebinde geçirilýän okuwlar çaganyň robot dünýäsi bilen tanyşmagy hem-de STEM-okuwyna girişmegi üçin ajaýyp usuldyr.

Okuwyň çäginde 6 ýaşdan 14 ýaşa çenli çagalar şulary öwrenerler:

• robotlaryny ýygnamak we programmalaşdyrmak; • öz robot taslamalaryny döretmek; • robototehnikanyň esaslaryna düşünmek.

Bu okuwlarda robotlary ýygnamak üçin häzirki zaman VEX robototehniki toplumlary hem-de robotyň elektrik düzüm böleklerini öwrenmek üçin Знаток toplumlary ulanylýar.

Robototehnika boýunça sapaklar çaga üçin amatly bolan wagtda hepdede iki gezek geçirilýär. Her sapak iki sagatlap dowam edýär.

Okuwlara ýazylmak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 63) 47 11 92, (+993 63) 42 67 51, ýa-da okuw merkeziniň sosial media ulgamyndaky sahypasynda habarnama goýup bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Robot tehnologiýalary boýunça bäsleşik geçiriler
Emeli aňly robot stadionda futbola tomaşa etdi
Sanly çözgüt 2023 bäsleşiginiň jemleri jemlendi
Coddy programmirleme mekdebinde Häzirki zaman dünýäsinde robototehnika atly temadan Açyk gapylar güni geçirilýär
Ýapon obalaryny aýylardan robot-möjekler goraýar
Ýaponiýada boýy 4,5 metr robot bilen tanyşdyryldy
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy