Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen bilelikde Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlap Gyş ertekisi atly aýdym-sazly bäsleşik geçirdi.
Bu aýdym-sazly dabara dürli ýaşdaky okyjylar gatnaşyp, Täze ýyla bagyşlap birnäçe goşgulardyr, hekaýalar we ertekiler aýdyp özara bäsleşdiler. Ýeňiji bolanlara Aýazbaba hem-de Garpamyk tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Mundan başga-da, dabara gatnaşan çagalar bezelen arçanyň daşyndan aýlanyp, aýdym aýdyp şatlandylar. Täze ýyl mynasybetli geçirilen bäsleşigiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda zehinli çagalary ýüze çykarmana döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.