Çagalarda gubuzlygyň tebigy bejergi usullary

Çagalarda gubuzlygyň tebigy bejergi usullary

Gepleşigimiziň bu sanynda Çagalarda gubuzlygyň tebigy bejergi usullary hakyndaky maslahatlary dykgatyňyza ýetirmek isleýäris.

Çagalarda gubuzlygyň aýrylmagy üçin peýdaly usullar

Çagalarda gubuzlygy aýyrmak üçin öýlerde käbir azyklardan we bakja önümlerinden peýdalanmak mümkin:

Zeýtun ýagyndan we limondan taýýarlanan ergin

Gubuzlygy aýyrmak üçin zeýtun ýagyny we limony garyp, çagalara içirmek maslahat berilýär. 1 datly çemçesi zeýtun ýagy bilen 1 datly çemçesi limon suwuny garyň. Şol ergini her gün irden nahardan öň çaga içiriň. Ol gubuzlygy aýyrmak üçin iňňän peýdalydyr.

Beýleki bir usul bolsa zeýtun ýagy bilen apelsiniň suwundan taýýarlanýan ergin. 1 nahar çemçesi zeýtun ýagy bilen 1 nahar çemçesi apelsiniň suwuny garyp, çaga içiriň.

Çagalarda gubuzlygy rahatlandyrýan bejergi;

1 kak injiri, 2 kak erigi, 2 kak garalyny dograp, 1,5 käse gaýnan suwa salyň. Ýylandan soň 1 nahar çemçesi zeýtun ýagyny goşup, çagaňyza içiriň.

Ösümlik çaýlary

Fenhel we çopantelpek çaýlarynyň başda durmagynda ösümlik çaýlary gubuzlygy gysga möhletde aýyrýar.

Fenhel tohumy:

Fenhel çagalarda gubuzlygy aýyrmagyň tebigy usullaryndan biridir. 2 käse suwa 1 datly çemçesi fenhel tohumyny goşup, gaýnadyň. Gaýnandan soň 10 minut demine goýuň. Süzüp, sowadyň we sowandan soň aram-aram çagalara içiriň.

Kişmiş

Bir owuç kişmişi suwda eziň. Ertesi süzüp, kişmişi çagaňyza iýdiriň.

Miweler

Armyt, üzüm, garaly, gawun, erik, injir, hurma ýaly miweler günde iki porsiýa berilmeli. Möwsümine görä ter ýa-da kakadylan görnüşde berilmeli. Çaganyň islegine görä kompot ýa-da miwe suwy görnüşinde-de içirip bilersiňiz.

Armyt siňdiriş ulgamyny çaltlandyrýar we aşgazanyň rahatlanmagyny üpjün edýär. Alma ýaly gabyklary bilen bilelikde iýmek maslahat berilýär.

Bäbek 6 aýdan uly bolsa; armydy, şetdalyny we erigi miwe sykýandan geçirip, suwuny emzik bilen içiriň.

Bakja önümleri

Kelem, poroý sogany, bamiýa, artişok, brokoli, fasol, kädi ýaly bakja önümlerinden bir ýa-da iki porsiýa iýdirmek maslahat berilýär. Bakja önümlerinden bişirilen naharlary halamaýan çagalar hyýar ýa-da gaýnadylan mekge iýip biler.

Kösükliler

Kösüklilerde (gury fasol, merjimek, nohut we beýlekiler) ýokumlylyk mukdary ýokary bolýar.

Zygyr tohumy

Üwelen zygyr tohumyny gatyga goşup, günde iki gezek iýmeklik, gubuzlykdan gutulmagyň iň ylmy çözgütlerinden biridir.

Çagalarda gubuzlyga garşy görülmegi mümkin bolan çäreler:

Ýene degişli makalalar

Miweleriň we gök önümleriň şiresi
Miweleriň we gök önümleriň şiresi
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Antalýa Piýazy
Ýene-de 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda PKK-a agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi