Çagalar biziň durmuşymyzyň iň esasy baýlygydyr. Çagalaryň goraglylygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek bolsa biziň iň esasy maksadymyz bolup durýar. Olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň her birimiz üçin derwaýysdyr. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr.
1-nji iýun bütin dünýäde ähli çagalara goýulýan hormatyň nyşany hökmünde bellenilýär. Çagalary goramagyň halkara gününi baýramçylyk hökmünde giňden bellemegiň taryhy, öz gözbaşyny 1949-njy ýylda Parižde Zenanlaryň halkara demoktratik federasiýasynyň mejlisinde kabul edilen karardan alyp gaýdýar. Şondan bäri her ýylyň 1-nji iýuny Çagalary goramagyň halkara güni diýip ykrar edildi.
Bu taryhy ýörelgeler esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1989-njy ýylyň 20-nji noýabryndaky Rezolýusiýasy bilen kabul edilen Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa halkara hukuk resminamalarynyň iň esasylarynyň biridir.
Bu Konwensiýada jemi 54 madda bolup, olarda çagalaryň ýaşamaga, doly derejede ösmäge, zyýanly täsirlerden goralmaga, maşgala, medeni we jemgyýetçilik durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan esasy hukuklary beýan edilýär.Türkmenistan 1994-nji
ýylyň 23-nji fewralynda Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany kabul etdi. Şondan bäri ÝUNISEF saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy we howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlarda oňyn özgertmeleri üpjün etmek ugrunda biziň ýurdumyz bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýar.
Ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we olara bilim bermek babatynda toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şu maksatlardan ugur alyp, bagtly çagalygyň ýurdy we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi bolan Garaşsyz Watanymyzda Döwlet adam üçindir!
diýen belent şygarymyzyň astynda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepler yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.Ata Watanymyzyň ajaýyp künjekleri bolan Gökderede we Hazaryň kenarynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ertekilerdäki köşkleri ýadyňa salýan çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup, bagtyýar nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almagy, sagdyn ösmegi, çagalyk döwrüni şadyýan we begençli, täsirli hem-de gyzykly geçirmegi üçin zerur şertler döredildi.
Zehinli çagalary ýüze çykarmak, olary döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen her ýylda Garaşsyzlygyň merjen däneleri, Iň eýjejik gyzjagaz atly bäsleşikler ýokary derejede, guramaçylykly geçirilýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde kompýuter sowatlylygy we dürli dersler boýunça her ýylda geçirilýän ders bäsleşikleri hem dürli ugurlardan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir.
Bu günki gün döwlet bäsleşikleriniň ýeňijileri halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesilleriň bilimler dünýäsine ynamly aralaşyp, ylymly, bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Şonuň netijesinde hem ylym-bilim ojaklarynda bilim-terbiýe berlişiniň hil derejesi ýokary göterildi.
Bagtyýar nesiller döwrebap okuw-görkezme esbaplary, kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda bilim-terbiýe alýarlar, daşary ýurt dillerini öwrenýärler. Şeýle üstünlikleriň gözbaşynda bolsa bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler durýar.
Bilim ulgamyndaky özgertmeler ýurdumyzyň ykdysadyýetini ylmy taýdan meýilleşdirmek, ähli ulgamlara döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu babatda daşary ýurt tejribelerini öwrenmek baradaky wezipeleri hem öz içine alýar.
Döwletimiz tarapyndan çagalaryň irki ösüşine aýratyn üns berilýär.Mekdebe çenli çagalar edaralary bilim ulgamynda esasy orun tutmak bilen, olaryň uly (mekdebe taýýarlyk) toparlarynda körpelere bilimiň ilkinji düşünjeleri berilýär.
Mekdebe çenli çagalar edaralary, orta we ýokary okuw mekdepleri bilimiň gazananlaryna laýyklykda döwrebap enjamlaşdyrylýar. Şeýle-de, häzirki zamanyň şertlerine baglylykda, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna täze okuw dersleri girizilýär.
Okuw işine häzirki zaman tehnologiýalary we okatmagyň interaktiw usullary ornaşdyrylýar.
Bilimli nesil ýagty ertirlerimiziň eýeleri. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň täze tapgyry hem şöhraty belende göterilen türkmen döwletiniň synmaz kuwwaty bolan ýaşlarymyzyň ýagty ertirleri üçindir.Diýmek, ýaşlar syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine mümkinçilik berer.
Güljahan MINJANOWA,
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky H.Çaryýew adyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiri.