ÇAGALAR DURMUŞYMYZYŇ GÜL GUNÇALARY

ÇAGALAR DURMUŞYMYZYŇ GÜL GUNÇALARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki Altyn damja çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda Çagalar durmuşymyzyň gül gunçalary ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde bagtyýar çagalygyň mekany bolan Gökdere jülgesinde çagalaryň her bir günini şatlykly pursatlara beslemek maksady bilen dürli çäreleri guralyp, olara gyzykly ertekileridir, dürli görnüşli oýunlaryň ähmiýet barada gürrüň berdiler we sorag-jogap alyşdylar. Çagalar hem öz gezeklerinde Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Berkarar Watanmyzy, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini wasp edýän birnäçe goşgulary bilen çykyş etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda körpe nesilleriň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY
e.gov.tm portalynda okuw töleglerini onlaýn tertibinde amala aşyryň!
ÖZBEGISTANDA TÜRKMEN SURATKEŞLERINIŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR
Sagdyn jemgyýet kuwwatly döwlet
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi
Tailandyň iň ýaş Premýer-ministri
Ýaşyl wodorod bilen işleýän uçar