Çagalar döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Çagalar döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 4 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän Parahatçylyk: çagalaryň sesi döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Ýurduň ähli künjeklerinden zehinli çagalar emin agzalaryna üç ugurdan — düzme, maket we surat boýunça işlerini hödürlediler. Bäsleşigiň esasy tematikasy milli ýörelgeleri, türkmen halkynyň ruhy-ahlak mirasyny we Watana söýgini wasp etmäge gönükdirilendi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Güneş žurnalynyň redaksiýasynyň işgärlerinden we tanymal döredijilik işgärlerinden ybarat eminler geňeşi Aşgabada, Arkadag şäherine hem-de ýurduň welaýatlaryna wekilçilik edýän 15 ýeňijini kesgitledi. Bäsleşigiň aýgytlaýjy tapgyryna çykanlar guramaçylaryň hormat hatlary we ýörite sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Her ýyl geçirilýän Parahatçylyk: çagalaryň sesi döredijilik bäsleşigi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we olaryň döredijilik taýdan ösmegine ýardam etmäge, ösüp gelýän nesli watanperwerlik hem-de parahatçylyk söýüjilik ruhunda terbiýelemäge, dürli medeniýetleriň we halklaryň hoşmeýilli goňşuçylygyny wagyz etmäge niýetlenendir diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen BerkMetal HK-nyň bilermenleri ýuwmagyň dürli görnüşleri üçin niýetlenen serişdeleriň arasyndaky esasy tapawudy düşündirdiler
Türkmen BerkMetal kir ýuwujy maşynlaryň goragy üçin täsirli serişdeleri hödürleýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Nebit daşalyşy artdyrylýar
Prezident Söwda-senagat edarasynyň binasynda sergini we Täze ýyl şüweleňini synlady
Kadaly uklaýaryn…