Çagalar bagyna gatnaýan körpelere Täze ýyl sowgatlaryny satyn almak üçin ene-atalardan pul ýygnalýar

Çagalar bagyna gatnaýan körpelere Täze ýyl sowgatlaryny satyn almak üçin ene-atalardan pul ýygnalýar

Mary welaýatynyň çagalar baglarynda terbiýeçiler körpelere Täze ýyl sowgatlaryny satyn almaga niýetläp, ene-atalardan 50 manatdan pul ýygnaýar. Maliýe ýagdaýy pes hojalyklar sowgatlary özleri taýýarlamagy teklip edýär, beýlekiler bolsa, bu pullaryň dolulygyna sowgatlara sarp ediljegine ynamsyz garaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Baýramaly, Türkmengala we Ýolöten etraplarynda ene-atalardan pul ýygnamak işleriniň giň gerime eýe bolýandygyny habar berýärler.

“Täze ýyl baýramynda çagalara sowgat berjek diýýärler. Biz şol sowgatlary özümiz çagalara baglaryna eltip tabşyrsak bolmazmy diýip soradyk, ýöne bolanok’ diýdiler. Biz hemme çagalara birmeňzeş sowgat almak isleýäris diýdiler” diýip, birnäçe ene-ata terbiýeçilere salgylanýar.

Pul bermäge göwni razy bolmaýan ene-atalar çagalar baglarynyň özlerinden ýygnap alan pullarynyň ählisine sowgat aljagyna şübheli çemeleşýärler.

“Bizden 50 manatdan pul ýygnap, şonuň 25 manadyna çagalara sowgat satyn alarlar” diýip, ene-atalar ýurtda döwlet edara-kärhanalarynyň adamlardan pul ýygnamak tejribelerine salgylanyp gürrüň berýärler.

Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalary dürli sebäplere salgylanyp, býujet işgärlerinden pul ýygnaýar. Pul ýygnamak çäreleri ýylyň şygarlarynyň satyn alynmagyna, tebigaty goramaga, mekdeplerde abatlaýyş işleriniň geçirilmegine ýa-da pagta ýygym möwsümine gönükdirilip bilinýär.

Ýöne bu gezek, bilim resmileri çagalar baglarynda ene-atalardan ýygnalýan pullaryň olaryň özlerine sarp ediljekdigini aýdýarlar.

“Meniň bir tanşym bazarda süýji-köke söwdasy bilen meşgullanýar. Şol maňa çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň hem-de müdirleriniň arzan bahadan çagalara sowgatlary sargap başlandygyny aýtdy. Onuň tassyklamagyna görä, çagalar baglary bahasy 20-25 manat bolan sowgatlary sargaýar” diýip, bir ene aýdýar.

“Men bu habary eşidip, pul bermekden ýüz öwürdim. Geçen ýyl çagamyň terbiýeçisine sowgat alyp berdim, emma bu ýyl hiç zat berjek däl” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda öňki ýyllarda däp bolan tejribelere görä, Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda terbiýeçilik edaralarynda çagalar bilen Täze ýyl çäreleri geçirilýär.

Bilim we terbiýeçilik edaralarynda çagalara niýetlen sowgatlaryň Aýaz baba hem-de Garpamyk tarapyndan paýlanmagy guramalaşdyrylýar.

Käbir ýaş ene-atalar öz çagalaryna berilmeli Täze ýyl sowgatlarynyň hem prezident tarapyndan peşgeş berilmegine garaşýandyklaryny aýdýarlar.

“Prezident 8-nji mart baýramynda aýal-gyzlara 60 manatdan sowgat paýlaýar. Täze ýyl baýramynda hem çagalara 25 manatlyk sowgat berip bilmeýärmi?” diýip, ýaş çagalaryň hossarlary Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýaş jübütler, ýogsam bolmasa, bu sowgatlar üçin özleriniň ene-atalarynyň pensiýalaryndan harajat çykarmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanda 1-6 ýaş aralygyndaky çagalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýär.

BMG-niň ilat gaznasynyň we BMG-niň çagalar gaznasynyň Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 2020-nji ýylyň iýunynda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistanda 3-5 ýaş aralygyndaky çagalaryň 40 göterimi çagalar bagyna gatnaýar.

Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleri 2017-nji ýylda birden 10 esse ýokarladylyp, 80 manada çykaryldy. Şonda bu bahalar ene-atalaryň arasynda nägilelige ýol açypdy.

Şeýle-de, Türkmenistanda çagalaryň başlangyç mekdeplere kabul edilmegi üçin, azyndan bir ýyl möhlet bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynda, ýa-da beýleki käbir bilim edaralarynda okadylmagy talap edilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu ýylyň dowamynda çagalar baglaryndaky ýagdaýlar barada ýygy-ýygydan habar berdiler.

Aprel aýynda ene-atalar Lebap welaýatynyň çagalar baglarynda iýmit üpjünçiliginiň ýagdaýyna şikaýat bildirdiler.

Iýunda Balkan welaýatynyň çagalar baglarynda terbiýeçiler çagalara niýetlenen iýmit önümleriniň ýolbaşçylar tarapyndan ogurlanýandygyny aýtdylar.

Awgustda paýtagtyň çagalar baglarynda körpeleriň ene-atalaryndan ýorgan düşekleriň soralmagy möhüm habar boldy.

Noýabryň soňky hepdesinde iýmit zäherlenmesi bilen bagly aladalar sebäpli, Balkan welaýatynyň döwlet eýeçiligindäki çagalar bakja-baglarynda et we süýt önümleri gadagan edildi.

Şeýle habarlaryň iň soňkularynyň hatarynda, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy ýaňy-ýakynda çagalar baglarynda körpelere zorluk görkezilmegi bilen bagly aladalara ünsi çekdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda et we süýt önümleriniň çagalara berilmegi togtadyldy Balkan
ÝURDUMYZYŇ TÄZE ÝYL BAŞ ARÇASYNYŇ YŞYKLARY NUR SAÇDY
Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy, 17-nji dekabrda Türkmenistanda ilat ýazuwy başlanýar, Turkish Airlines Türkmenistanyň raýatlary üçin PSR-barlagyny aradan aýyrdy
Ýurdumyzyň Täze ýyl baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Türkmenistanda Täze ýyl arçalarynyň yşyklary ýakyldy
Aşgabat gipermarkedi täze gelen harytlar we ýakynda başlajak Täze ýyl arzanladyşlary barada habar berýär