Çagalar baglaryndaky 'zorluk we sütem' ene-atalarda alada döredýär

Çagalar baglaryndaky 'zorluk we sütem' ene-atalarda alada döredýär

“Meniň çagalar bagyna gatnaýan iki ýaşly çagam soňky iki hepdäniň dowamynda gaty gorkak we aglak boldy, çalaja eliňi galdyrsaň tisginýär” diýip, türkmenabatly ene aýdýar.

“Şu hepdäniň sişenbe güni işden soň, çagamy almaga baranymda, terbiýeçi lineýka bilen çagamyň arkasyna urup, agladyp duran ekeni. Gapdaldaky çagalar hem bu wagşyçylygy görüp, gorkusyna aglaýardylar” diýip, ol aýdýar.

Lebap welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralary zorluk habarlary bilen çaýkalýar. Ene-atalar bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärlerini ýaş çagalara zorluk we sütem görkezmekde aýyplaýarlar.

Türkmenabatly ene ýaňy bir dil açan iki ýaşly çagasynyň 49-njy çagalar bagyna gatnap başlandan soňra, gorkak we aglak bolandygyny, bu terbiýeçilik edarasynda çagalara zorluk görkezilýändigini aýdýar.

Beýleki bir ene 28-nji çagalar bagynda hem körpelere sütem görkezilýändigini gürrüň berýär.

Üçünji söhbetdeşimiz, Saýat etrabynyň bir ýaşaýjysy bolsa, bu hili zulum-sütemiň sebitiň tas ähli çagalar baglarynda giň ýaýrandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu ýagdaýyň yzyny çaldy, ene-atalar, bilim we terbiýeçilik işgärleri, şol sanda pedagogika we psihologiýa hünärmenleri bilen gürrüňdeş boldy, bilim edaralaryndaky ýowuzlygyň üstüni açdy.

Türkmenabat şäheriniň Ikinji etrapçasynyň ýaşaýjysy, bir ýalňyz ene, adamsy aradan çykandan soňra, durmuşyň has-da agyrlaşyp başlandygyny, şol sebäpden özüniň iş ýüküniň artandygyny aýdýar.

Ýöne ýalňyz ene başga bir alada sebäpli, özüniň ýatsa-tursa ynjalyk tapmaýandygyny gürrüň berýär. Ol çagalar bagyna gatnaýan bäş ýaşly çagasyna terbiýeçiler tarapyndan görkezilýän zulum-sütemden şikaýat edýär.

“Terbiýeçiler günortan uklamak islemeýän çagalary urup, ýatmaga mejbur edýän ekeni.Muny maňa çagam-da aýtdy, şol çagalar bagyna çagasyny gatnadýan goňşym hem aýtdy.Biz elimizde delil bolmansoň, hiç zat edip bilmeýäris.

Goňşym hatda polisiýa-da ýüz tutdy emma olar gelneje, biziň işimiz kän, beýle meseleler bilen bize ýüz tutmaň, bir-iki şarpyk bilen çaganyň ölesi ýok’ diýip, jogap beripdirler” diýip, ýalňyz ene gürrüň berýär.

Bu waka 28-nji çagalar bagynda bolup geçipdir.

Türkmenabatly eneler bilim terbiýeçilik edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, galyberse-de kanun goraýjy işgärleriň bu meselä geleňsiz garamagynyň çäresizlik duýgusyny güýçlendirýändigini aýdýarlar.

Bizi hem çaga döwrümizde urýardylar, çagaňyzyň gowulygy üçin edilýär’ diýip, çagalar bagynyň başlygy meniň şikaýatyma jogap berdi. Men bu meseläni polisiýa şikaýat etmek islemedim. Sebäbi, peýdasy ýok. Men bir kiçi adam’, bu ýurtda meniň ýaly adamlaryň sözi geçmeýär. Şonuň üçin, çagamy başga bir çagalar bagyna geçirjek” diýip, perzendini 49-njy çagalar bagyndan alyp barýan ene aýdýar.

Ol özüniň üstünden şikaýat bildiren terbiýeçisiniň Lebap welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň çagalar baglaryna gözegçilik edýän işgärine ýakyn adam bolandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynda bu işgäriň at-familiýasy bar, ýöne bu maglumatlary aýan etmekden saklanýar.

Iki ýaşly çagasy terbiýeçilik edarasynda zorluk gören türkmenabatly ene ýokary wezipeli bilim işgäriniň terbiýeçä bolan ýakyn gatnaşygy sebäpli, bu ýagdaýa “hiç hili çäre görülmeýär” diýýär.

Ol terbiýeçileri iş bilmezlikde, emelsizlikde tankytlaýar.

Saýat etrabynyň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde şeýle şikaýatlaryň giň ýaýradygyny aýdyp, ýaş çagalaryň kiçilikden fiziki zorluk görüp ulalmagyna ünsi çekýär.

“Ähli çagalar baglarynda çagalar urulýar, olaryň üstüne gygyrylýar. Şonuň üçin, çagalar bagyny çalşyp, meseläni çözüp bolmaýar.Etraplarda çagalar baglarynyň sany az, şonuň üçin ene-atalara çagalar baglaryny çalyşmak has-da kyn bolýar. Şeýdip, perzentlerimiz ýaşlykdan fiziki we psihiki zoruk görüp ulalýar.

Elbetde, bu meseläniň döwlet derejesinde häkimiýetler üçin, kiçi mesele bolup görünýän bolmagy mümkin, ýöne bu meseläni çözmek gerek” diýip, çagalar baglaryndaky ýagdaýdan habarly etrap ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosy mundan ozal ýurduň ýetimler öýünde giň ýaýran zorluk hadysalary barada hem habar berdiler.

Häkimiýetler, adatça, şeýle habarlar boýunça resmi beýanat bermekden saklanýarlar.

Ýurtda şu wagta çenli mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere zulum görkezýän terbiýeçileriň jogapkärçilige çekilmegi bilen bagly habarlar berilmedi.

Mundan ozal, media serişdeleri Merkezi Aziýa ýurtlaryndan goňşy Özbegistanda hem terbiýeçilik edaralarynda çagalara zulum-sütem görkezilmegi barada habar berdiler.

Birleşen Ştatlarynyň Gazna departamenti dekabryň başynda Özbegistanda bir ýetimler öýünde çagalara, ýaş ýetginjeklere zorluk we sütem görkezilmegi boýunça üç wezipeli adama garşy sanksiýa girizdi.

Hünärmenler Lebap welaýatynyň çagalar baglarynda zorluk-sütemiň gaýtalanmagy we bu ýagdaýyň öňüni almagyň mümkinçilikleri barada gürrüň berip, şeýle hadysalary ýurduň durmuş-ykdysady reallyklary bilen baglanyşdyrýarlar.

“Işe kabul edilýän täze kadrlaryň aglabasy öz hünärini söýmeýär. Terbiýeçilik işinde çagalara söýgi bolmasa, işlemeklik kyn. Üstesine, Türkmenistanyň syýasy we ykdysady reallyklary islendik býujet işgärine ýaramaz täsir edýär, olarda huşasty, aňasty agressiýany döredýär” diýip, Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy aýdýar.

Azatlyk Radiosy terbiýeçilik edaralarynyň zorlukda aýyplanmagy boýunça 49-njy hem-de 28-nji çagalar baglaryndan, şeýle-de Lebap welaýatynyň Baş bilim müdirliginden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Çagalar bagyndaky nahar 'tagamsyz'. Terbiýeçiler işlerini ýitirmekden 'gorkýar'
Täze okuw ýylyna taýýarlyk tamamlanyp barýar
Nesihatly hekaýalar
Körpeleriň ene-atalaryndan hajathana kagyzyny we beýleki senagat harytlaryny tabşyrmak talap edilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
15.07.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş wagtyny kitap ýazmaga bagyşlady