CAFA Nations Cup 2023 ýaryşyna bije çekmek dabarasy 26-njy aprelde geçiriler

CAFA Nations Cup 2023 ýaryşyna bije çekmek dabarasy 26-njy aprelde geçiriler

CAFA Nations Cup 2023 ýaryşyna bije çekmek dabarasy 26-njy aprelde geçiriler.

Bije çekmek dabarasy Aşgabat wagty bilen sagat 14:00-da başlanar. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy habar berýär.

Ýaryş şu ýylyň 9-21-nji iýuny aralygynda Bişkek we Daşkent şäherlerinde geçiriler.

Ýaryşa jemi ýedi topar, ýagny Türkmenistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary gatnaşar.

Bijäniň netijelerine görä, gatnaşyjylar iki topara bölünerler. A toparçanyň (dört topardan ybarat) oýunlary Daşkent (Özbegistan) şäherinde, B toparçanyň (üç topardan ybarat) oýunlary bolsa Bişkek (Gyrgyzystan) şäherinde geçiriler.

Ýaryşyň geçiş tertibine laýyklykda toparçalaýyn tapgyrdaky oýunlar aýlaw görnüşinde geçirilip, bir aýlawdan ybarat bolar. Soňra toparçalaryň ýeňijileri finalda, toparçada ikinji orny eýelänler bolsa üçünji orun üçin duşuşykda meýdança çykarlar.

Ýene degişli makalalar

Bolşaýa Aziýa teleýaýlymy Türkmenistan hakynda gepleşikleri görkezer, Gyzyl kürte filmi Merkezi Aziýanyň iň gowy filmi baýragyna hödürlenildi, Türkmenistanda pagtanyň täze sorty döredildi we beýleki habarlar
Galkan halkara hokkeý ýaryşynyň üçünji tapgyrynda Eýranyň toparyny uly hasapda ýeňdi
Mergen Orazow Özbegistan bilen boljak oýundan öň nämeler diýdi?!
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň CAFA Nations Cup-2023-däki duşuşyklarynyň başlanjak wagtlary belli boldy
TÝL ― 2023: 9-njy tapgyryň duşuşyklary öňe süýşürildi
Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy iýun aýynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer