Çärýek finalyň birinji oýunlary

AFKÇempionlar ligasynda çärýek finalyň birinji duşuşyklary oýnaldy. 3 duşuşyk deňlikde tamamlanyp, 1 oýunda ýer eýeleri ýeňiş gazandy.Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary öz meýdançasynda Hawiniň tälimçiligindäki “Al-Sadd” (Katar) klubuny 2-1 hasabynda utdy.

Oýunda myhmanlar ilki hasaby açsalaram, olara üstünligini saklamak başartmady (Al-Dossari 44, Jiuliano 72 Asad 21).Saud Arabystanynyň iki toparynyň “Al-Ittihad” bilen “Al-Hilalyň” arasynda oýunda hasap açylmady.Hytaý hem-de ýapon toparlarynyň özara 1-nji duşuşyklarynda ýeňiş gazanan bolmady. “Şanhaý SIPG” topary bilen “Urawa Red Daýmondsyň” arasyndaky duşuşyk 2-2 hasabynda tamamlandy. 2-0 öňe saýlanan ýapon toparynyň adyndan 3-nji minutda Makino bilen 30-njy minutda Koroki tapawutlandy. Ýöne ruhdan düşmedik hytaýlylar hasaby deňlemegi başardy.

Gollaryň ikisini hem 49-njy we 71-nji minutlarda penaltiden braziliýaly ýyldyz futbolçy Halk geçirdi. Şeýle-de “Guangžou Ewergrand” soňky çempion “Kaşima Antlers” bilen golsuz deňme-deň oýnady. Çärýek finalyň jogap duşuşyklary 16-17-18-nji sentýabrda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Hawi hem-de Kannawaronyň toparlary ýaryşy dowam edýär
“Al-Ittihad” bir ädim öňde
“Şanhaý SIPG” ýarym finalyň bosagasynda
4 gol ýeterlik bolmady
“Şanhaý SIPG”-iň ilkinji çempionlygy
“Szýansu Suningiň” ilkinji çempionlygy