Býujetçiler pagta ýygyma girişdi, öňki bendilere pagta ýygdyryljagy duýduryldy   

Býujetçiler pagta ýygyma girişdi, öňki bendilere pagta ýygdyryljagy duýduryldy   

Türkmenistanyň welaýat ilaty pagta ýygyma çekilýär. Resmi taýdan entek yglan edilmedik pagta ýygyma ýerli häkimiýetler ozalky ýyllarda bolşy ýaly bu gezek hem öňünden girişdiler. Balkanda býujet işgärleri pagta äkidildi, Lebapda bolsa, öňki tussaglara-da pagta çekiljegi barada duýduryş berildi.

Türme tussaglygyndan azatlyga çykan we hasapda duran öňki bendiler mejbury ýagdaýda pagta ýygymyna gatnaşdyryljakdygy hakynda habarly edildi. Muny Türkmenabadyň polisiýa bölümindäki çeşme we şäher ýaşaýjylarynyň birnäçesi tassyklady.

“Hasapda duran öňki bendiler ýerli polisiýa bölümlerine 20-nji awgustda çagyrylyp başlandy. Olaryň ählisine: “Ýakyn wagtda pagta gitmeli. El telefonlaryňyz elmydama açyk bolsun” diýlip, buýruk berildi” diýip, şäher polisiýa bölümindäki çeşme 21-nji awgustda gürrüň berdi.

Bu ýagdaý ýurtda pagta hasylyny ýygnamagyň başlanan döwrüne gabat geldi.

Mundan öň Lebabyň edara-kärhanalarynyň işgärlerine 20-nji awgustdan başlap pagta ýygymyna çekilip başlanjakdyklary duýdurylypdy.

Şu günler Balkan welaýatynda býujet edaralarynyň işgärleri pagta meýdanlaryna ugradylýar. Günbatar welaýatyň saglyk işgärlerinden häzirden özlerine derek ekin meýdanlarynda işlejek adamlary tutumak üçin günde 45 manatdan tabşyrmak talap edilipdir. Mekdep mugallymlary bolsa 1-nji sentýabrdan başlap özlerine derek adam ugratmaly bolarlar. Bu barada Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy 23-nji awgustda maglumat berdi.

Türkmenistanda ilatyň dürli gatlaklaryny pagta önümçiliginde mugt güýji hökmünde işletmek tejribesi ýyllarboýy dowam edýär.

Azatlyk bilen anonim gürleşen polisiýa işgäri kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňki bendileri pagta ýygyma ugratmak bilen ýygym möwsüminde özlerine düşýän maddy agramy azaltmak isleýändigini aýdýar: "Polisiýa işgärleri öz hasabyna pagta ýygymy üçin işgärleri tutmaklyga derek, hasapda duran öňki bendileri pagta ýygymyna ugradýarlar" diýip, polisiýadaky çeşme aýdýar.

Türkmenabatly öňki tussag 2022-2023 -nji ýyllarda hem özüniň mejbury ýagdaýda pagta ýygymyna gatnaşdyrylanlygy gürrüň berdi.

“Uçastkowoýlaryň ornuna pagta çykmaly diýerdiler. Men pomilowka’ düşdüm we 2 ýylyň dowamynda ýerli polisiýa bölümçesinde hasaba durýardym. Pagta möwsüminde maňa hatda başga etraplara hem gitmäne rugsat berilmeýärdi. Uçastkowoý:” Seniň gitjek ýeriň ýok, meniň gaharymy getirmän aýdylany et. Bir-iki manat özüňe hem pul işlärsiň' diýerdi” diýip, anonimlik şertinde gürleşen türkmenabatly geçen ýylky tejribesini gürrüň berdi.

Geçen ýyl mejbury pagta ýygymyna gatnaşdyrylýan öňki bendilerden günüň dowamynda azyndan 65-70 kilogram pagta ýygmak talap edilipdir.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan ýene bir türkmenabatly şeýle diýýär: “Kämahallar pagta meýdanlaryna prokuratura işgärleri we polisiýa işgärleri aýlanýar. Normany ýygyp bilmedik öňki bendilere polisiýa işgärleri tarapyndan haýbat atylýar. Meniň uçaskawoýym: 'Adymda azyndan 60 kilogram pagta bolsun. Ýogsa, häsiýetnamaňy garalaryn diýýärdi” diýip, öňki bendi başyndan geçirenlerini aýdyp berýär.

Türkmenabadyň ýaşaýjylary, öňki bendileriň örän agyr şertlerde ýaşaýandygyna ünsi çekýärler we olaryň işsiz, hak-hukuksyz galýandygyny, mydama polisiýanyň basyşy astynda bolýandygyny aýdýarlar.

“Aslynda polisiýa işgärleri hem pagta ýygymy üçin pul bermeli. Ýöne oňa derek, hasapda duran öňki bendileri pagta ýygymyna ugradýarlar. Ýolbaşçylar hem, gol astyndaky işgärlerine öz wezipelerinde hyýanatçylykly peýdalanmaklygyna rugsat berýärler” diýip, çeşme düşündirýär.

Onuň sözlerine görä, býujet edaralarynyň işgärleriniň ýerine pagta ýygmaga ugradylýan ýörite ýygymçylardan tapawutlylykda öňki bendilere ýerli polisiýa bölümleriniň işgärleri zähmet hakyny bermeýärler.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Türkmenabadyň polisiýa wekillerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Öň türme tussaglygyny başdan geçiren ýaşaýjylara polisiýa tarapyndan edilýän yzygiderli basyşlar pagta ýygymy bilen çäklenmeýär, olar her bir baýramçylygyň öňýany saklanýar we wagtlaýynça deslapky tussaghana salynýar.

Geçen ýyl ýurtda öňki tussaglar hem-de wagtlaýyn tussag astyna düşen adamlar pagta ýygyma çekilipdi. Şeýle-de, azyk nobatlarynda we bankomatlaryň öňünde pul çekmek üçin garaşyp duran adamlar polisiýa tarapyndan saklanyp, göni pagta meýdanlaryna alnyp barylypdy.

Türkmenistanda býujet işgärleri, esgerler we mekdep okuwçylary pagtany ýygmaga ýyllarboýy mejbur edilýärler.

Halkara derejesindäki tankytlara, hökümetleriň hem halkara söwda kompaniýalarynyň türkmen pagtasyndan köpçülikleýin ýüz öwürmegi ýaly ýazgaryjy hereketlerine garamazdan, türkmen hökümeti meseläni görmezlige salýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ösen ýurtlarda soňky 10 ýylda sowatlylyk güýçli pese gaçdy
Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy 13-nji sanksiýa bukjasyny kabul etmäge taýarlyk görýär
Iş Nokadynyň Awaza milli syýahatçylyk zolagyna retrit saparyna hasaba alnyş ahyrlanýar
OXFAM: Dünýä ilatynyň 60 göterimi garyp düşdi
Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy
Türkmenistanda suwuň iki esse gymmatlamagy ilatda toguň hem gymmatlamagyndan howatyrlanma döretdi