Býujet işgärleri: Mejbury ýazylan gazet-žurnallarymyz öýlerimize gowşurylmaýar

Býujet işgärleri: Mejbury ýazylan gazet-žurnallarymyz öýlerimize gowşurylmaýar

Lebap welaýatynyň býujet işgärleriniň ençemesi häkimiýetleriň özlerini gazet-žurnallara abuna ýazylmaga mejbur edýändigini, ýöne olaryň bu hyzmat boýunça öz üstüne alan borçlaryny berjaý etmeýändiklerini aýdýar. Olar şu ýylyň başyndan bäri öýlere iberilmeli gazet-žurnallaryň ýekejesiniň-de özlerine gowşurylmandygyny belleýärler.

"Şu ýylyň başyndan bäri hepdede iki gezek öýümize gazet gelmelidi. Ýöne martyň birinji ongünlügine çenli, ýagny tas iki ýarym aýyň dowamynda ýekeje gazet hem gowşurylmady. Kärdeşlerimiziň ählisi şu ýagdaýy başdan geçirýär" diýip, lebaply býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Býujet işgärleriniň sözlerine görä, olar 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary üçin alty aýlyk abuna tölegini geçen ýylyň noýabr aýynyň 15-ne çenli geçirdiler.

"Şonda welaýat häkimliginiň görkezmesi esasynda býujet işgärleri gazetleriň onlaýn görnüşi üçin 60 manat, kagyz görnüşi üçin 35 manat, jemi 95 manat möçberinde pul tölediler. Şonda 'Türkmenpoçtanyň' kassalaryndaky işgärler biziň telefon belgilerimizi we öý salgylarymyzy hem alyp galdylar" diýip, býujet işgäri belledi.

Ýatlatsak, geçen ýylyň noýabrynda sebitdäki habarçylarymyz býujet işgärleriniň mundan beýläk gazetleriň onlaýn we kagyz görnüşlerine abuna ýazylmaga mejbur bolýandygy barada maglumat beripdiler.

"Müňlerçe manat döwletiň gaznasyna gitdi, ýöne yzyna gelýän gazet-žurnal ýok. Edara ýolbaşçylary wagtynda abuna tölegini geçirmeseňiz, onda işden çykarylarsyňyz diýip haýbat atýarlar. Ýöne puly alanlaryndan soň, gazet iberýän adam ýok. Gazetiň gelmeýändigi baradaky şikaýatlaryňy-da ne 'Türkmenpoçta', ne-de işleýän edaraň diňleýär" diýip, býujet işgäri belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada "Türkmenpoçta" Poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýerli edarasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda býujet işgärlerinden ýylyň dowamynda iki gezek gazet-žurnallara mejbury abuna ýazylmak talap edilýär. Mejbury okyjy çekmek boýunça bu işlere güýz we ýaz aýlarynda badalga berilýär.

Häkimiýetleriň býujet işgärlerinden gazetleriň onlaýn görnüşi üçin töleg geçirmegi talap edýändigine garamazdan, häzirki wagtda (2023-nji ýylyň 9-njy marty) Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugy gazet-žurnallaryň onlaýn görnüşini “.pdf” formatda tölegsiz okyjylara ýetirýär.

Türkmenistanda gazet-žurnallaryň “.pdf” formatda onlaýn görnüşde okyjylara ýetirilmegi soňky üç ýyl çemesi wagtyň dowamynda ýola goýuldy. Ýöne lebaply býujet işgärleri gazet-žurnallaryň mazmunynyň okyjylarda köplenç gyzyklanma döretmeýändigini, öz kärdeşleriniň 2 göteriminiň-de türkmen metbugatyny yzarlamaýandygyny aýdýarlar.

"Biziň edaramyzda 150-ä golaý adam işleýär. Olardan diňe iki ýa-da üç adam türkmen metbugatyny yzarlaýar. Galan adamlar onda yzarlar ýaly zat ýok diýýärler" diýip, başga bir lebaply býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Metbugat azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlary eýeleýän Türkmenistanda metbugat serişdeleri berk döwlet gözegçiligi astynda galýar. Gazet-žurnallaryň baş redaktorlary prezident tarapyndan wezipä bellenilýär.

Demokratik, şol sanda metbugat azatlyklaryna syn edýän "Freedom House", ýagny “Azatlyk öýi” guramasynyň 9-njy martda çap eden täze ýyllyk hasabatynda Türkmenistan ýene iň ýaramazlaryň arasynda orun aldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenpoçtanyň çaparçylyk hyzmaty: oňaýly we tiz eltip bermek
Türkmenpoçta Türkmenistanyň çäginde nagt we nagt däl pul geçirimlerini ýerine ýetirýär
Türkmenpoçta ugradylýan ýükleriň öz wagtynda barmagyny we abatlygyny kepillendirýär
Türkmenistan “Dünýäde azatlyk 2022” reýtingde ýene 100-den bary-ýogy iki ball aldy
Türkmenistan ýene 'azat däl', 'ýaramazlaryň ýaramazy' boldy
“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär