Býeik Ýüpek ýoluna bagyşlanan işleriň bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Ýurdumyzyň Nakgaşlar birleşiginiň sergi merkezinde açylan ”Beýik Ýüpek ýoly” sergisine gatnaşanlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlarynyň 17-si gowşuryldy. Baýraga mynasyp bolanlaryň arasynda Baba Owganow, Wera Gylyjowa, Anna Annaýew, Gylyç Ýarmämmedow, Natalýa Kalugina we beýlekiler bardy.

Tematiki sergä žiwopis işleriniň 127-si, heýkelleriň 16-sy, 7 haly, gobelenleriň 7-si, 14 keçe, fotosuratlaryň 19-sy, keramiki işleriň 13-si hödürlendi.Sergi Türkmenistanyň halk nakgaşy Wera Gylyjowanyň döreden milli žiwopis mekdebiniň halypalarynyň portretleri bilen açylýar.

Portretlerden salyhatly Aman Kulyýew, oý-pikire çümen Ýewgeniýa Adamowa, ýaş Aýhan Hajyýew, sypaýy Ýakup Annanurow, gelşikli Yzzat Gylyjow, paýhasly Nyýazmyrat Dowodow dagy tomaşaçylara bakyp otyr, žiwopisçi olary nakgaşlaryň iş guraly - çotgaly şekillendiripdir.

Serginiň ikinji gatynda tomaşaçylar Altyn Baýlyýewanyň “Tylla balyjyklar” atly gobelenine syn edýärdiler. Narynç reňk şadyýanja balyjyklaryň ençemesi röwşen owadanlygy we oýunçylygy bilen özüne bendi edýärdi. Altyn öz işinde suwasty dünýäiň mymyk sazlaşygyny çeper şekillendirmegiň hötdesinden gelipdir. Onuň daşyndaky nagyşly çarguwa eseri uly akwariuma meňzedýärdi.

Sergide ajaýyp suratlar kändi, belli bir tema bagyşlanandygyna garamazdan, olaryň hersinde dogduk diýara we bu gadymy, gözel toprakda ýaşaýan adamlara söýgi duýulýardy. Gülnäz Rozykulyýewanyň “Gündogaryň zenan keşbi”, Şemşat Mämmedowanyň “Sazandanyň beýik ýoly”, Juma Aman Durdynyň “Keramatly ýerler”, Anna Annaýewiň “Dowamat dowam” we beýleki işler manzarynyň üýtgeşikligi hem-de reňk joşguny bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýärdi.

Ýurtdan ýurt aşyp, alyslara ýol salýan üsti ýükli düýe kerwenleri, köp adamly şowhunly bazarlar, adamlardyr jandarlaryň dynç alyp biljek ýeri kerwensaraýlar žiwopis suratlarynyň esasy temasy, olar taryhy wakalara dahyllylyk duýgusyny döredýär.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Baba Owganow sergä “Toýda” we “Gündogar bazary” atly köpşekilli stanok usulynda çekilen suratlarynyň ikisini hödürläpdir.Manzar taýdan tapawutlansa-da olary duýgy baýlygy birleşdirýär.Awtor Beýik Ýüpek ýoly döwrüniň uç-gyraksyz bazarynyň mähellesini şekillendiripdir.

Işleriň ikisi-de gögümtil-aksowult reňkleriň sazlaşygynda çekilip, şol döwrüň wakalry bilen häzirki döwrüň arasyndaky çägi nygtaýar. “Toýda” suratynda iki zat göge zyňylan üç telpek bilen köpüň aýdym diňleýän ýerine okdurulyp barýan oglanjyk ýatda galýar.

Tomaşaçylar Baba Owganowyň suratlarynyň ýanynda köp eglenip, onuň detallaryny synlap, özara pikir alyşýardylar.

Anna Annaýewiň suratlary-da bu ýere gelenlerde gyzyklanma döretdi. “Kerwenbaşy” suraty bizi Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwrüne atarýar, onda mana baý gizlin syrlar awtroyň aýtjak pikiri barada oýlanmaga mejbur edýär.

Manzarynyň okgunlulygy we gahrymanlarynyň häsiýetlerine aýratyn üns berilmegi ony taryhy romanyň surat bezegine meňzedýär, ol “Kewenbaşy” suratyny žiwopisçiniň beýleki işleriniň ikisi bilen birleşdirýär.Anna Annaýewiň Çeperçilik akademiýasynda sapak berýän ýaş mugallymdygyny bileňsoň onuň näme üçin şeýle usulda we reňklerde çekýändigine düşünip galýarsyň.

Anna Annaýewiň işleriniň gapdalynda Maksat Muhammetgeldiýewiň “Gündogar bazary” suraty goýlupdyr.Maksat gündogar şäheriniň bazaryndaky şüweleňli söwdany şekillendiripdir.Arasynda induslardyr hytaýly täjirler bolan alyjylaryň bir topary Gün nuruna gözüňi iýip barýan goýy-gyrmyzy reňkli türkmen halysyna syn edýärler.

Nakgaşyň suratynda agdyklyk edýän çal we gülgünräk sary reňkler owadan türkmen halysyny eseriň baş gahrymany edýär.Belki, nakgaş şony hem maksat edinen bolsa gerek.

Rejepberdi Muhammedow “Kerwensaraý” suratynda argyşçylaryň dem-dynç alýan pursadyny şekillendiripdir. Ýollarda her hili zada duş gelýän, bilimi-düşünjesi ýetik barjamly täjirleriň kalby sabyr-kanagatdan doly. Agyr ýoldan aryp gelen argyşçylar ýakyp-ýandyryp barýan Gün şöhlesinden goraýan ýeňiljek bassyrmanyň astynda-da dynç almaga kaýyl.

Şeýle bolsa-da, bu ýerde gaýry ýurtlardan getirilen matalaryň, gap-gaçlaryň, bugdaýyň we beýleki zatlaryň söwdasy kesilmeýär. Nakgaş argyşçylaryň telekiçilligini nygtamagyň hötdesinden gelipdir. Suratyň detallarynyň nepis nygtalmagy ony, hamala, awtor beýan eden wakalaryna gatnaşan adam ýaly edip görkezýär.

Natalýa Kaluginanyň suratlaryny hem belläp geçesimiz gelýär.Gözüňi gamaşdyrýan sary çägeli çölde şahalaryndaky dürli reňkli mata bölejikleri şemala galgap duran sazak şekillendirilipdir.Surata syn edeniňde zyýarat agaçly manzar bilen bäsleşigiň temasynyň arasynda näme baglanşyk barka diýen pikir döreýär. Ýagşy oýlansaň arabaglanşyk bar eken.

Ir döwürlerde bu ýerden Gyzylgaýa barýan kerwen ýoly geçipdir...Suratyň manzarynda awtoryň garaýşy we gojalaryň gürrüňlerinden dörän duýgular utgaşýar.Bu işde taryhylyk bolmasa-da, ol simwollaryň şahyranalygy bilen saýry gelýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy
Natalýa Kalugina: durmuş ýörelgesine öwrülen ylmy we döredijilik gözlegi
Aşgabadyň depginli ösüşiniň suratlardaky beýany
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan sergi açyldy
Happy Childhood
Taryh, däpler, häzirki döwür: sergi hakda söhbetden parçalar