BYD Tesla-dan öňe geçip, elektrokar satuwy boýunça dünýä lideri boldy

BYD Tesla-dan öňe geçip, elektrokar satuwy boýunça dünýä lideri boldy

Hytaýyň BYD kompaniýasy şu ýylyň ilkinji alty aýynda 641 müňden gowrak elektromobil satdy. Bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 315% köpdür. Bu barada Hytaýyň HBS-ine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Şeýlelik bilen, hytaý konserni ýarym ýylda 564 müň elektromobil satan Tesla amerikan kompaniýasyndan öňe geçip, elektromobil satuwy boýunça dünýä lideri boldy.BYD mart aýyndan kompaniýanyň benzin hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiligini bes edendigini habar berdi.

Konserniň habarynda geljekde awtomobil biznesiniň elektrik energiýasynda işleýän elektromobillere we gibrid elektromobillere gönükdiriljekdigi bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde, BYD eýýäm benzin hereketlendirijili awtomobillere eýe bolan müşderilere kämilleşdirilen hyzmaty we satuwdan soňky kepilligi hödürlemegi, şeýle-de ätiýaçlyk şaýlaryny ibermegi dowam etdirer.

Häzirki wagtda BYD Hytaýdan başga-da, öz awtoulaglaryny Norwegiýada we Günorta Amerikanyň käbir ýurtlarynda satýar.Konserniň kärhanalarynda hem awtomobilleriň, hem akkumulýatorlar we mikroçipler ýaly bölekleriň önümçiligi alnyp barylýar. Şeýlelik bilen, BYD beýleki üpjün edijilere garaşly bolmaýar.

Hytaýlylar ýakyn wagtda toplumy düzüjileri beýleki awtoöndürijilere ibermegi meýilleşdirýärler.Mysal üçin, BYD elektrokarlar üçin akkumulýatorlary Tesla kompaniýasyna ibermekçi bolýar.

Ýene degişli makalalar

8 millionynjy elektromobil we Tailandda rekord möhletde gurlan zawod
Elektroulagda Aziýa öňde
“Tesla”-nyň arzan ulag çykarjakdygy baradaky habar hytaý kompaniýalarynyň gymmatyny azaltdy
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Tesla Şanhaýdaky zawodyndan elektromobilleriň iberilişini rekord derejede artdyrdy