BYD kompaniýasy awtoulaglary goýbermegiň depginini ýokarlandyrýar. Onuň geljekde öňde goýan iň esasy maksady - her aýda 300 müň sany ekologik taýdan arassa ulagy öndürmekden ybaratdyr diýip, Insideevs portaly habar berýär. CNBC-niň ýatladyşy ýaly, şonça ulagy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Amerikanyň Tesla kompaniýasy öndüripdi we satypdy.
Şular ýaly uly maksady nazarlamaga ähli şertler bar.Markanyň iýunda içerki bazara satan we eksport eden ulaglarynyň sany 134 000 boldy.Bu bir ýyl mundan öňki netijeden üç esse köpdür we maý aýyndaka garanyňda 20 000 ulag artykdyr.
BYD-nyň 700 000 ulaga sargydy bar, şonuň üçinem kompaniýa önümçiligini giňeldäýen ýagdaýynda-da, bu golaýda oňa islegiň kemelmejegi belli.Meýdanlary hem ýeterlik.Häzirki wagtda BYD-nyň Hytaýyň dürli sebitlerinde ýerleşen alty sany iri zawody. Ýene üç önümçilik zawodynyň gurluşygy gidýär, şolardan ikisi şu ýylyň ahyryna çenli ulanmaga berler.
BYD top-menejmenti eýýäm awgust aýynda maksat tutunan 300 000 ulagyny çykaryp başlasa gerek.Bu tutuş 2021-nji ýylda ýerlenen 600 000 awtoulagyň deňinde gaty çynlakaý görkezijidir.