Buz bilen örtülen ada

Grenlandiýa Antarktida ýaly buz bilen örtülen bolup, kontinental howa bilen gurşalandyr.Grenlandiýanyň umumy meýdany 2,130,800 inedördül kilometre barabar bolup, dünýäniň iň uly adasydyr.Ol Atlantik we Arktika ummanynyň arasynda ýerleşýär.

Daniýanyň awtonom çäkleri bolan Grenlandiýanyň 80%-den gowrak çäkleri buzluklar bilen örtülip, bu adada bary-ýogy 57,600 adam ýaşaýar. Ýylyň köp böleginde adanyň howasy ýokary derejede sowuk bolýar.

Tomsuna 10, gyşyna bolsa, 45 derejä çenli sowuk bolýar.Bu adada howanyň sowuklygy 65 derejä çenli peselip bilýär.Adanyň kenarýaka zolaklarynda köplenç şemal öwsüp, ýygy-ýygydan tupan turýar.Grenlandiýa gaýtalanmajak tebigy gözelliklere baý syýahatçylyk merkezi hasaplanýar.

Arktika bagy, Jegeda öýi, Şa zenany Margaret ýadygärligi, Sungat muzeýi, Grenlandiýanyň milli muzeýi we Santa Klaus öýi adanyň iň gözel ýerleridir.Bu ýerde dünýäniň iň haýran galdyryjy manzary bilen birlikde, polýar aýylaryny, ýüzlerçe görnüşli guşlary synlap, ak kitleriň meşhur aýdymlaryny diňläp, ýylyň ortaky aýlarynda bolsa, polýar ak gijeleriň görnüşinden lezzet alyp bolýar.

Grenlandiýa hakynda gyzykly maglumatlar:Grenlandiýa yklym däl-de, adadyr. Çünki 2,130,800 inedördül kilometre uzaýan meýdanda 57,600 adam ýaşaýar.Buz gatlaklaryny hasaba alanyňda, ol Antarktidadan soň dünýäde ikinji orunda durýar.Grenlandiýadaky Ilulissat Ice Fjord buzlugy, polýar sebitiň daşyndaky iň uly buzluk bolup, 2004-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.Demirgazyk-gündogar Grenlandiýa milli seýilgähi demirgazykda ýerleşen dünýäniň iň uly milli seýilgähidir.Grenlandiýanyň şäherlerini birleşdirýän ýol ýok.Balykçylyk Grenlandiýanyň ilatynyň esasy girdeji çeşmesidir.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines: dünýäniň islendik künjeginde Täze ýyl
ÝAŞ SAZANDALARYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIKLI BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
Aşgabat gipermarkedi täze gelen harytlar we ýakynda başlajak Täze ýyl arzanladyşlary barada habar berýär
Kysmatyň oýny iň gowy daşary ýurt Roždestwo filmleriniň sanawyna girdi
Şweýsariýanyň Lindt şokoladynyň şowrumy Täze ýyla önümleriniň giň assortimentini taýýarlady
Santa şu gün ýola düşýär