Buz astyndaky köller suwuklygyny nähili saklaýarlar?

Günorta polýusy emele getirýän, dünýäniň iň sowuk ýeri hasaplanýan Antarktida buz bilen örtülen gury ýerdir. 181 ýyl ozal açylan sebit häzirki wagtda ylmy taýdan öwrenilýär.Hemişelik ýaşaýjylary ýok hem bolsa, bu ýerde ýylyň islendik paslynda 100 töweregi alym, olaryň maşgalalary we jahankeşdeler ýaşaýar.

Jahankeşdeleriň köpüsi Günorta Amerika tarap uzalyp gidýän Antarktika ýarym adasyna baryp görýärler. Ýeri gelende bellesek, bu ýer Lemaire we Paradise Harbour kanaly, ajaýyp aýsbergli geçelgeleri we iňlis gözleg merkeziniň öňki muzeýi Port Lokroý bilen tanalýar. Ýarym adanyň izolirlenen ýerinde köp sanly pingwinler ýaşaýar. Ýeriň (has dogrusy buzuň) ýüzünde ösümlik dünýäsi ýok hem bolsa, kontinentiň kenarlary, deňziň düýbi suwasty tebigata örän baýdyr.

Antarktidanyň iň täsin taraplarynyň biri hem galyňlygy ýüzlerçe metre barabar bolan buz gatlagynyň aşagyndaky köllerdir.Bu ýerde ýüzlerçe köl bolup, olaryň iň ulusy Wostok hasaplanýar.Buz gatlagynyň 3 müň 488 metr aşagynda ýerleşýän kölüň uzynlygy 250 kilometre, ini 50 metre we çuňlugy 800 metre ýetýär.

Eýsem, buz örtüginiň astyndaky köller nädip doňman saklanýarlar?

Ýene degişli makalalar

Uçarlary elektrik energiýasy bilen işlär
Çilim tüssesi koronawirusa ýokuşmaga kömek edýär
Awiasiýa pudagynyň üçünji eýýamy
Antarktikanyň buz gatlagy kiçeldi
Gyrgyzystanda ilatly ýerleriň atlaryny üýtgetmek meýilleşdirilýär
Daşary ýurtly artistler Aşgabadyň Buzly köşgünde Täze ýyl konsertlerini bererler