Buýan obasenagat toplumy tarapyndan buýan köküniň ekstraktynyň 569 tonnasy eksport edildi

Buýan obasenagat toplumy tarapyndan buýan köküniň ekstraktynyň 569 tonnasy eksport edildi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky Buýan obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 12 million 799 müň 541 manatlyk iş edilip, ýedi aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi.

Degişli döwürde buýan köküniň 1 müň 687 tonnasy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 773 tonnasy öndürildi. Habarda bellenilişi ýaly, buýan köküniň ekstraktynyň 569 tonnasy, baglanan buýan köküniň hem 4 müň 110 tonnasy eksport edildi.

Ýene degişli makalalar

Ýanwar — aprel aýlarynda buýan köküniň 1 müň 62 tonnasy öndürildi
Türkmenistanda glisirrizin turşusynyň önümçiligi ýola goýuldy
Türkmenistanda raýatlara Buýanly çörek önümleri hödürlenilýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda azyk senagatynda buýany ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip düzüldi
Türkmenistanda çörege glisirrizin turşusy goşulyp başlandy