Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, şahsyýetleri entek anyklanmadyk ýaragly terrorçylar, Gana we Togo serhediniň golaýyndaky Bittou şäheriniň Boulgou etrabyndaky petank klubyna hüjüm guradylar.
Hüjümçileriň töwerege od açmaklary netijesinde 4-si mugallym asuda ilatdan jemi 6 adam ýogaldy.
Goňşy Mali döwletindäki Al Kaýda we DAIŞ bilen arabaglanşykly bolan terrorçy toparlar, 2015-nji ýyldan bäri Burkina-Fasonyň demirgazygynda we gündogarynda ýygy-ýygydan hüjümler guraýarlar.
Hökümet tarapyndan berilen maglumatlara görä hüjümlerde 2015-nji ýyldan 2021-nji ýylyň dekabr aýyna çenli 600-i howpsuzlyk güýçlerinden bolmak bilen jemi 2 müň adam ýogaldy.