Burkina-Fasoda Guralan Hüjümde 35 Adam Ýogaldy

Burkina-Fasoda Guralan Hüjümde 35 Adam Ýogaldy

Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümde asuda ilatdan 35 adam ýogaldy.

Hökümet tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, ýola goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli ýolardan geçip barýan ulag kerwenindäki 35 adam ýogaldy, 37 adam ýaralandy.

Goňşy ýurt Malide iş alyp barýan Al Kaida we DAEŞ bilen arabaglanşykly bolan terror guramalary 2015-nji ýyldan bäri Burkina-Fasonyň demirgazygynda we gündogarynda hüjümler guraýar.

Resmi görkezijilere görä, 2015-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri guralýan hüjümlerde 600-y howpsyzlyk işgäri bolmak bilen 2 müň adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Burkina-Fasoda Guralan Hüjümde 33 Esger Ýogaldy
Nigeriýada terrorçylykly hüjüm guraldy
Burkina-Fasoda ýaragly hüjüm guraldy
Eýran Burkina-Fasonyň demirgazygyndaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Türkiye Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjüm guraldy