Burkina-Faso, Siriýa we Uganda Türkmenistanyň Bitaraplygyň dostlary toparyna agza boldy

Burkina-Faso, Siriýa we Uganda Türkmenistanyň Bitaraplygyň dostlary toparyna agza boldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna döredildn Bitaraplygyň dostlary toparyna üç sany täze agza ýurt — Burkina-Faso, Siriýa Arap Respublikasy we Uganda goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Agzalarynyň sanynyň artmagy bitaraplyk ýörelgeleriniň has giňden ulanylmagy esasynda Toparyň ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüş maksatlaryna bolan ygrarlylygyny güýçlendirer.

Täze agzalar gymmatly bilimlerini we tejribelerini Toparyň işine goşant ederler we hemmeler üçin howpsuz hem-de durnukly geljegi gurmak üçin, bitaraplyk syýasatynyň mümkinçiliklerini ulanmaga ýardam ederler.

2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi.Topar BMG-ä agza döwletlere sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça oňyn pikir alyşmak üçin mümkinçilik döredýär.

Bu köptaraply dialogyň çäklerinde geçirilýän yzygiderli duşuşyklar halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda geçirilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki duşuşygynyň Jemleýji Jarnamasy şu ýylyň 1-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde çap edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy
BURKINA FASO, THE SYRIAN ARAB REPUBLIC AND UGANDA BECAME MEMBERS OF THE GROUP OF FRIENDS OF NEUTRALITY FOR PEACE, SECURITY AND SUSTAINABLE DEVELOPMENT
Nigerde terrorçylykly hüjüm guraldy
Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjüm guraldy
Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjüm guraldy
Burkina-Fasoda Guralan Hüjümde 33 Esger Ýogaldy