Burj Halifa türkmen baýdagynyň şekilinde ýalkym saçdy

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki dünýäniň iň beýik binasy bolan “Burj Halifanyň” ýüzi ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekiline beslendi. Örän täsirli görnüş beýikligi 828 metre deň bolan binany türkmen haly gölleri we bäş ýyldyzly ýarymaý şekili bilen öwşün atýan al-ýaşyl sütüne öwürdi.

Munuň özi dostlugyň we doganlygyň özboluşly aýdyň nyşany boldy.

Ýokarlygyna inçelip gidýän 180 metrlik ýalpyldaýan bölegi metal gurnamalaryndan ybarat bolan bu belent bina Dubaýyň işewürlik merkeziniň esasy nyşanydyr. Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň hormatyna atlandyrylan bu binanyň dabaraly açylyşy 2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Gurluşygy gaýtadan dikeldildi
Saud Arabystanynda iki kilometrlik gökdirän gurlar
Iki kilometrlik gökdirän gurlar
Dünýäniň iň kelte adamy: telefon götermek agyr düşýär
Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy, 17-nji dekabrda Türkmenistanda ilat ýazuwy başlanýar, Turkish Airlines Türkmenistanyň raýatlary üçin PSR-barlagyny aradan aýyrdy
Täze ýyl nirä, haçan geldi?
Ýylyň meşhur şäherleri