Ýewropanyň çempiony bolan Kahramanmaraşly milli göreşçi Burhan Akbudak, altyn medalyny ýer titremelerinde ejir çekenlere bagyşlady.
Horwatiýanyň paýtagty Zagreptde geçirlen Ýewropa göreş çempionadyna gatnaşan milli türgen Burhan Akbudak grek-rim göreşi boýunça 82 kilogram agyrlykda altyn medal aldy.
Türkiäniň Göreş federassiýasy tarapyndan berlen beýannamada garaýyşlaýyna ýer berlen Burhan “Howratiýa Ýewropanyň çempiony bolmagy maksady bilen geldim we maksadyma ýetdim. Kahramanmaraşly hökmünde medalymy ýer titremelerinde ejir çekenlere bagyşlaýaryn. Ýer titremelerinde şehit bolan pälwan doganlarym üçin ýaryşdym we çempion boldum” diýdi.