Burak Özçiwit türkmenistanly janköýerlerine salam iberdi

Burak Özçiwit türkmenistanly janköýerlerine salam iberdi

Meşhur türk aktýory Burak Özçiwit türkmenistanly muşdaklaryna salam iberdi.

Burak Özçiwit: Men ähli türkmen dostlarymyza salam iberýärin diýdi. Degişli wideoýüzlenmäni garyşyk söweş sungaty boýunça tanymal türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow öz sosial sahypasynda paýlaşdy.

Neşir edilen suratlara görä, Ýagşymyradow Türkiýäniň ATV teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän Kuruluş: Osman teleserialynyň dördünji möwsüminiň 125-nji bölüminiň surata düşürilmegine gatnaşdy.

Döwletjan Ýagşymyradow ozal filmiň üçünji möwsüminiň jemlemesinde surata düşdi. Ýagşymyradow onda konýaly Balabanyň keşbini ýerine ýetirdi.

Bu film Osman imperiýasynyň beýik hökümdary Ärtogrul gazynyň ogly Osman gazynyň tagta çykmagy we döwleti dolandyrmagy bilen baglanyşykly gyzykly taryhy wakalary mazmunynda jemleýär.

Döwletjan Ýagşymyradowyň Bellator MMA guramasy bilen şertnama baglaşan ilkinji türkmenistanly türgendigini bellemek gerek. Ol amerikan promowşny bilen 2020-nji ýylda şertnama baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

Döwletjan Ýagşymyradow Kuruluş: Osman atly türk filminiň dördünji möwsüminde surata düşdi
Döwletjan Ýagşymyradow Impa Kasanganaý: tutluşygyň başlaýan wagty we ony nireden görüp bolar
12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Arkadagyň säheri halkara film festiwalynyň açylyşy gyzyl halydan geçmek bilen başlanar
Türkmen howa ýollary Beýik Britaniýa bilen Wýetnamyň arasynda ýük gatnawlaryny amala aşyrar, Ak şäherim Aşgabat sergisi iki gün dowam eder, Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi we beýleki habarlar
Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşgunyndan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi, Astrahan Aşgabatdan kinematograflar toparyny arşy almaga taýýarlanýar we beýleki habarlar