Burak Özçiwit Türkmenistana geler

Burak Özçiwit Türkmenistana geler

Oktýabr aýynda Türkmensitanda halkara kino festiwaly geçiriler. 14-15-nji oktýabrda geçiriljek bu festiwal Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerini, ýerli we halkara metbugat wekillerini, medeniýet-sungat ussatlaryny bir ýere jemlär.

Festiwala dünýä kino sungatynda meşhurlyga ýeten ýyldyzlaryň hem birnäçesiniň gelmegine garaşylýar. Olaryň hatarynda Beýik asyr, Gurluş: Osman seriallarynda keşp janlandyran türkiýeli Burak Özçiwitiň, Taksi köp bölümli film arkaly meşhurlyk gazanan fransiýaly Sami Naseriniň Aşgabada gelmegine garaşylýar. Mundan başga-da, halkara kino festiwalyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aktýorlary we režissýorlary gatnaşarlar.

Ýeri gelende bellesek, festiwalyň çäginde RT Doc teleýaýlymynyň kino işgärleri tarapyndan surata düşürilen ahalteke bedewleri baradaky dokumental filmiň ilkinji görkezilişi bolar.

Ýene degişli makalalar

Kino ýyldyzlary Burak Özçiwit, Sami Naseri Türkmenistanda film festiwalyna gatnaşarlar
Aşgabatda film festiwaly geçiriler
Kanani Cafi: Zalymlykly sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy ýadro gepleşikleriniň esasy maksady
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Yslam Eýranyň döwleti we halky kanuny hukuklaryndan geçmez
Soňky günlerde Tripolide bolan çaknyşyklara Eýranyň alada bildirmegi
Amerikanyň Siriýada bikanun bolmagyna we toslamalaryna Eýranyň reaksiýasy