
Bundestag (Germaniýanyň Parlamenti) nobatdan daşary ýygnagynda GFR-iň Kansleri Olaf Şolsa ynam etmekden ýüz öwrüp, ýurtda möhletinden öňki saýlawlaryň geçirilmegine ýol açdy diýip, TASS ýazýar.
Habarda Ministrler Kabinetiniň häzirki başlygyny goldap, deputatlaryň 717-sinden 207-si ses berdi, 116 deputat saklandy. Parlamentarileriň 394-si Şolsa ynam etmek barada başlangyja garşy çykdy.
Bundestagyň Başlygy Berbel Bas ses berlişigiň jemleri barada ýurduň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeri habarly etjekdigini mälim etdi.