
Bukingem köşgi durnukly ösüş ulgamynda hasabat işleri boýunça menejer wezipesine işgär gözleýär, onuň aýlygy ýylda 64 müň dollara deň bolar diýip, New York Post gazetine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Täze işgär daşky gurşawa taşlanýan zyýanly galyndylar barada ähli maglumatlary toplap, olaryň takyklygyny ýokarlandyrmak babatda iş alyp barar.
Işgäriň wezipe borçlary baradaky habarnamada Bukingemiň ekologiýa meselesine aýratyn üns berýändigi nygtalýar.
Patyşa Karl III daşky gurşawyň goragy bilen köpden bäri meşgullanyp gelýär. Tebigata ünsi sebäpli ony howa patyşasy diýip atlandyrýarlar.
Ýeri gelende bellesek, Men baglardyr ösümlikler bilen söhbet edýärin. Muny möhüm hasaplaýaryn diýip, Karl III 2010-njy ýylda aýdypdy.